Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde “The Take Off Startup Summit 2024” atly sammit öz işine başlady. Telekeçilik we tehnologiýa dünýäsiniň iň abraýly ýygnak nokady bolan Stambul şäheriniň Sergi merkezinde ýaýbaňlandyrylan bu halkara çäre dünýä ýurtlarynyň innowasion ideýalaryny, telekeçileri we maýadarlary bir meýdança jemledi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe pikirlenmegi başarýan hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlaryň nesliniň kemala gelmegine, ýaşlar telekeçiliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginden nyşandyr.
Bu halkara çärä dünýäniň dürli ýurtlarynda gatnaşýan telekeçiler ýörite stendlerde öz taslamalaryny görkezmek bilen, giň jemgyýetçilik bilen, hususan-da innowasion ulgamda zähmet çekýän hünärmenler bilen duşuşmaga we maýa goýujy guramalar bilen ýeke-ýekeden duşuşmaga mümkinçilik alarlar.
Sammit 12-nji dekabrda jemlener.
Serdar GURBANMUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we
maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.