ÄNEW ŞÄHERI — TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY

     Ösüş-özgertmelere beslenen 2024-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýär. Şoňa görä-de, şanly ýylyň başyndan bäri gadymy Änew şäherinde baý many-mazmunly çärelere geçirilýär.

     Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty»  diýip yglan etmek bilen bagly çözgüt kabul edilipdi. Bu çözgüt türkmen halkynyň gadymy taryhynyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindediginiň, şeýle-de TÜRKSOÝ bilen medeni hyzmatdaşlygynyň rowaçlanýandygynyň alamaty bolup dabaralanypdy.

     Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýän ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň halkymyza sowgat edilmegi we bu ajaýyp eserde gadymy Änewiň taryhy hem-de şu güni, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun ekerançylyk medeniýeti hakda täsirli söhbet açylmagy şöhratly wakalaryň üstüni ýetirdi. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan şanly ýylda geçirilýän maslahatlarda, duşuşyklarda, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda gyzykly gürrüň edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bu babatda biz üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

     Gadymy Änewiň baý taryhyny öwrenmekde, şöhratly topragyň buýsançly geçmişine nazar aýlamakda ajaýyp mümkinçilikleri döreden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Gülälek ORANÝAZOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Fewral 2025 | 41 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 49 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

18 Fewral 2025 | 67 okalan

DÜZZÜM ÝARYŞY ÖKDELERI ÖŇE SAÝLADY