Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly bilim ulgamyna geçmek işi üstünlikli dowam edýär. Şeýle-de, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň talaplaryny we ýollaryny kesgitleýän resminama bolmak bilen, onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim almak we bilim bermek arkaly, bu ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr. Ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek, kitaphanalarda täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitaplaryň we neşirleriň goralyp saklanylmagy, olaryň geljek nesillerimize ýetirilmegi, kitaplaryň elektron görnüşe geçirilmegi ugrunda uly işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan ägirt uly özgertmeleri Türkmenistanyň ösüşini hil taýdan düýpgöter täze derejä çykardy, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki ornuny pugtalandyrmakda görkezijileriň ýokary bolmagyny esaslandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ylaýta-da, döwletimiziň geljegi hasaplanylýan bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek barada alada ýurdumyzda esasy orunda durýar. Berk bedenli, belent ruhly, edepli-ekramly, milli ruhda terbiýeli, bilimli ýaşlary kemala getirmek — ýurdumyzy ösdürmegiň baş wezipeleriniň biri hasaplanýar. Täze eýýamda ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzdaky, ähli welaýatlarymyzdaky bilim ojaklarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlar ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ylymlaryndan habarly bolmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bilelikde, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy çuňňur öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy, olaryň milli ruhda terbiýelenip ýetişmegi ugrunda edýän aladalarynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň binýady täzelenip, bilim ojaklarynda okatmagyň täze usullary ornaşdyrylýar. Mekdepler iň täze kompýuter, multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle-de, durmuş-medeni maksatly binalar, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Şeýle uly işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli ähli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jahan MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.