ÝAŞLAR — WATANYŇ RÖWŞEN GELJEGI

     Ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda bagtyýar ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň dürli ýaramaz häsiýetlerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak şeýle hem olaryň milli medeniýetimize hormat goýmaklaryny gazanmak maksady bilen dürli mazmunly çäreler yzygiderli geçirilýär. Golaýda şeýle çäreleriň biri biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda hem geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň degişli gulluklaryň wekilleri bilen bilelikde geçiren wagyz-nesihat duşuşygy täsirli çykyşlara baý boldy.

     Duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, asyllylyk, ahlaklylyk, edeplilik ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň täze taryhy eýýamynyň binýadyny düzýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek bilen birlikde ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle hem duşuşykda çykyş eden halypa mugallymlar halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň, milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmegiň nesil terbiýesindäki ähmiýetine aýratyn üns çekdiler. Şeýle hem berkarar döwletimizde şöhratly pederlerimiziň durmuş tejribesine daýanyp, ýol-ýörelgelerimize ygrarly ýaş nesli terbiýelemek bilen bagly meselä möhüm ähmiýet berilmeginiň röwşen ertirleri berkarar etmek ugrundaky aladanyň bir bölegidigi nygtaldy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyk çärelerini talabalaýyk guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik tertip-düzgünlerine eýermek, milliligimize hormat goýmak barada täsirli çykyşlar diňlenildi.

     Duşuşyga gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Aýlara KARIMOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 0 okalan

TERBIÝE HAKYNDA KELAM AGYZ

29 Ýanwar 2025 | 2904 okalan

ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

29 Ýanwar 2025 | 1182 okalan

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR ROWAÇLANÝAR