Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek ýaly meseleler aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň, elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünlerini öndürýän zawodlaryň gurluşygyna maýa serişdeleri gönükdirilýär. Galladan dürli azyk önümlerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, oba ýaşaýjylarynyň, şol sanda babadaýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulanyp, maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Şunda döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan oba hojalyk pudagyna karz bermek işlerini Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky üstünlikli alyp barýar. Bu täjirçilik banky tarapyndan oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek, ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we giňeltmek, oba hojalyk tehnikasyny edinmek, kiçi önümçiligi, mal ýataklaryny we fermalary gurmak, oba hojalyk serişdelerini, tohumlary, mineral dökünleri, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak, şeýle hem, beýleki oba hojalygyna degişli telekeçilik işlerini karzlaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ulgamynyň çäklerinde amala aşyrýan özgertmeleri obasenagat toplumyny dolandyrmak hem-de düzümleýin özgertmek işlerini kämilleşdirmegi, obada bazar gatnaşyklaryny kemala getirmegi öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat toplumy inžener-tehniki taýdan ösdürilip, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän iň täze tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ekerançylyk ulgamynyň binýadyna öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar we innowasiýalar ornaşdyrylýar. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň kararlaryna we çözgütlerine laýyklykda, öňdebaryjy kompaniýalardan we önüm öndürijilerden oba hojalyk işleri üçin zerur bolan ýer tekizleýji, däne ekiji, mineral dökünleri sepiji we beýleki gurallardyr enjamlar satyn alynýar. Şunda edermen babadaýhanlarymyzyň döwrebap tehniki we tehnologiki enjamlardan baş çykaryp, netijeli işleri alyp barmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, önümleriň döwlet tarapyndan satyn alnyp, bugdaýyň satyn alnyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, tehniki hyzmatlar, tohumlar, mineral serişdeler we ekinleri goramak serişdeleri bilen ýeňillikli üpjün edilmegi daýhanlary işine höweslendirmek bilen bagly durmuşa geçirilýän çärelere mysaldyr. Indi ençeme ýyl bäri ýurdumyzda öndürilen azyklyk gallanyň bir bölegini daşary döwletlere eksport etmek mümkinçiligine eýe bolmagy babadaýhanlarymyzy işine höweslendirmekde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijelidigini görkezýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýän oba hojalyk ulgamynyň okgunly ösdürilmegi döwlet Baştutanymyzyň halkymyz hakynda edýän giň gerimli aladalarynyň aýdyň beýanydyr.
Jahan MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.