TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

     Türkmen taryhynyň juda gadymylygy ýaly, onuň medeniýetiniň, sungatynyň taryhy hem juda gadymy, baý hem-de özboluşlydyr. Geçmişde 70-den gowrak şalyklary, hanlyklary, imperiýalary döreden halkymyz taryhy döwür içinde kakylyp, üflenip çalynýan, şeýle-de, kirişli saz gurallaryň onlarça görnüşlerini döredipdir. 72 sany saz guraly halkymyzyň saz däplerinde belli bolupdyr. Muny bize gelip ýeten ygtybarly ylmy çeşmeler bilen birlikde, ýurdumyzda arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri hem tassyklaýar. Gadymy Merwde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň “Marguş” atly kitabynda Goňurdepe diýlen ýerden b.e.öňki 2000-nji ýyllara degişli bürünçden, kümüşden, faýansdan ýasalan we abat saklanan duýduryş turba tüýdükleriniň 5 görnüşiniň tapylandygy baradaky maglumatlar hem, türkmen saz guralynyň juda gadymylygyny görkezýär.

     Türkmeniň gadymy milli saz gurallaryndan söz açylanda, 11-nji asyryň türkmen şahyry Fahretdin Eset Gürgeniň Merw wakalaryny öz içine alýan “Wis we Ramin” poemasy hem, bu babatda maglumatlara baý eserdir. Bu poemada patyşanyň köşgündäki söýgi wakalary bilen birlikde, halkyň medeni durmuşyndaky saz gurallary, şeýle hem, saz däpleri beýan edilipdir. Bu eserde surnaý, çeň, nagara, deprek, kernaý, tar ýaly şol döwürde ýörgünli bolan saz gurallarynyň ençemesi agzalyp geçilip, Merwde şol wagtlar bu saz gurallaryny çalmagy öwredýän ýörite mekdepleriň hem bolandygy teswirlenipdir.

     Şol mekdeplerde ussatlygyň ýoluny geçen, ezber sazandalaryň biri hem Merwde ýaşan Barbad Merwezidir. Barbad Merwezi Sasaniler döwründe Hysrow Perweziniň köşgünden sazandalarbaşy bolup, bütin Gündogarda ud, çeň, tanbur ýaly saz gurallaryny çalmakda, aýdym aýtmakda, şeýle-de, döretmekde öňüne adam geçirmedik meşhur ussatlaryň biri hökmünde özüni tanadypdyr.

     Bütin Gündogar halklarynyň sungatynda ir döwürlerden bäri meşhur bolan aýdym-sazly, uly göwrümli 12 mukamyň 7-siniň watandaşymyz Barbad Merwezi tarapyndan döredilendigi baradaky maglumatlar hem türkmen topragynda saz sungatynyň ösen derejesinden habar berýär. Watandaşymyz Barbadyň ussatlygynyň hormatyna köp ýüz ýyllyklaryň dowamynda ud, çeň, kanun, dutar, naý, tanbur, dowul, tebil ýaly saz gurallarynda ýerine ýetirijileriň bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilip durlupdyr.

     Orta asyrlarda sazyň nazaryýeti meselelerini, saz döretmekligiň esaslaryny işläp düzmekde, şol sanda saz gurallaryny çalmagy öwretmekligiň ilkinji okuw kitaplaryny ýazyp, dünýä saz medeniýetine uly goşant goşmakda türkmen topragynda önüp ösen meşhur alymlar bolan Muhammet Merwan Abul-apbas Taýyn Sarahsynyň, Abu Nasr Muhammet Farabynyň, Muhammet Horezminiň atlaryny buýsanç bilen ýatlap geçeliň.

     Türkmeniň gadymy milli saz gurallary baradaky gymmatly maglumatlar “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarynda hem öz beýanyny tapypdyr.

     Aslynda türkmen öz durmuşynda kakylyp çalynýan saz gurallaryna aýratyn orun beripdir. Türkmen her bir tutumly işbaşyny dowul kakmak bilen başlapdyr. Kakylyp çalynýan saz gurallaryň hemme görnüşleri ir döwürlerde dowul diýip atlandyrylan hem bolsa, ulanyş maksatlaryna laýyklykda, olar aýry-aýry atlara, görnüşlere eýe bolupdyr.

     Haj dowuly mukaddes Käbä zyýarata gidýänleri dabaralandyrmak maksady bilen, şolaryň şanyna kakylýan uly dowul depregi bolupdyr.

     Söweş dowuly ýörite ýüpler bilen atyň eýerine baglanyp, söweşe girilende harby esgerleri ruhlandyrmak maksady bilen ulanylýan saz guraly bolupdyr. Oýun dowuly ýa-da toý dowuly diýlip atlandyrylan deprek has uly möçberlerde bolup, ol toý-meýlislerde, at çapdyrylanda, göreş tutulanda şowhun, şatlyk döretmek maksatlary üçin bäş-on dowulçy bolnup çalnypdyr.

     Türkmen geçmişde dowul depregini aw pursatlarynda hem giňden ulanypdyr. Dowul depregi Gorkut ata zamanasynda gijeki garawulçylyk çekýän adamlara “ýarag” hökmünde berlipdir.

     Kös deprekli harby ýörüşlerde düýelere ýa-da atlara iki taý edilip ýüklenilip, ol ýörite tokmak bilen çalnypdyr. Harby söweşleriň öň ýanynda onlarça kösden çykýan aýylganç gümmürdileriň heniz söweş başlamanka, duşmanyň ökje götermegine sebäp bolan ýerleri-de bolupdyr. Halkymyzyň geçmiş taryhynda bory, kernaý ýaly üflenip çalynýan saz gurallary hem belli bolupdyr. “Gorkut ata” şadessanynda: “Burmasy altyn tuç bory çalyndy” diýen sözler bardyr. Bory daşyna altyn çaýylan, egri şah görnüşinde bürünçden, demirden ýasalan saz guraly bolupdyr.

     Kernaý saz guraly iki metre golaý uzynlykdaky demirden göni turba şekilli ýasalan harby saz guraly bolupdyr. XVIII asyr türk syýahatçysy Ewliýa Çelebi seljuklarda harby maksatlar üçin göni kernaýlaryň giňden ulanylandygyny “Syýahatnama” atly işinde belläp geçipdir.

     Türkmen saz senetleri barada gymmatly maglumatlary toplap, neşir etdiren adamlaryň biri hem, geçen asyrda ýaşap geçen türk sazşynasy Aly Ryza Ýalgyndyr. Ol 1940-njy ýylda Adende çap bolup çykan “Günorta türkmen saz gurallary” atly gadymy deprek, tebil, ritm daşy, ritm çemçesi, gopuz, bory, zurna, dowul ýaly onlarça saz gurallarynyň ulanylyş däpleriniň üstünde durup geçipdir.

     Türkmeniň gadymy saz gurallarynyň dürli görnüşleriniň halkymyzyň saz däplerinde giňden ulanylandygy bilen baglylykda, olar nusgawy şahyrlarymyzyň goňşy setirlerine hem siňip gidipdir.

     Gaýyby:

“Gaýyby ýandykça her lahze pyrakyň oduna,

Nalaýy-dilsuzu-ud, çeň sazyn ertdi ýar”.

     Mollanepes:

“Nagra kakyp, surnaý çalyp şadyýan”.

     Türkmen öz ýüregindäki gaýnap duran joşgunyny, buýsanjyny beýan etmekde iň ýönekeýje çagyl daşlarynyň, çemçeleriň, käseleriň, düwmeleriň nepis owazlaryny saza siňdiripdir. Ol senetler bolsa, saza aýratyn labyz, öwüşgün çaýyp, hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşly türkmen mukamyny döredipdir. Ol mukamlaryň her bir kakuwy berk düzülen hasaplara eýeripdir. Türkmen halk sazlaryn dil bilen aýdyp bolmajak öwrümlere, öwüşgünlere juda baýlygyna, onuň çuň pelsepä ýugrulan altyn hazynadygyna göz ýetiren rus alymlary W.A.Uspenskiý, W.M.Belýaýew türkmen sazyny türkmeniň halysynyň inçe çitimlerine meňzedipdirler.

     Ata-babalarymyz tarapyndan müňlerçe ýyllaryň dowamynda sünnälenip, döredilen baý saz senetlerini, saz medeniýetini düýpli öwrenmek işi diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gysga döwrüň içinde beýleki ykdysady ugurlar bilen birlikde medeniýet, sungat, ylym ulgamynda hem asyrlara barabar işler edildi.

     Ýurt baştutanymyzyň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sazynyň, milli saz senetlerimiziň halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakdaky, bagtyýar ýaş nesliň kalbynda joşgun döretmekdäki orny has-da belentdir. Goý, türkmeniň baý hem-de özboluşly saz senetleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň jarçysy bolup, belentden-belent ýaňlansyn.

 

TAÝÝARLAN: Mähriban SEÝLIÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag

şäher merkezi kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Dekabr 2024 | 6 okalan

TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

18 Dekabr 2024 | 2 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR