EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR

     Tebigy gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

     Daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmelerini aýratyn bellemelidiris. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa» hem-de «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» işlenip taýýarlandy. Bu meýilnama boýunça ýaşaýyş üçin tämiz, arassa howany üpjün etmek we türkmen topragynyň tebigat gözelligini artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowarlary, ekologik-medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

     Ýurdumyzda ekologiýa kanunçylygyna aýratyn üns berilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» we «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Tokaý kodeksi işjeň durmuşa geçirilýär. Kabul edilen bu kanunlar, kodeksler ýurdumyzda tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmek bilen bir hatarda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, tebigy gurşawy gorap saklamaga we dikeltmäge, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga hem-de olaryň tebigy gorlaryny köpeltmäge ýardam berýär.

     Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga bermek asylly däbe öwrülip, her ýyl ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär. Millionlarça miweli we saýaly agaç nahallarynyň ekilmegi bilen geljekde bag nahallary boý alyp, gögerip, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşar. «Eger kim bir agaç ekse ýadygär//Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen jümlelerden ugur alnyp, ýaş nesiller ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere ygrarly bolup, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-çemenlige öwürmek ugrundaky durmuşa geçirilýän asylly işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

     Ekologiýa howpsuzlygy biziň döwletimiz üçin esasy wezipe bolup durýar. Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan müňýyllyklara ýaň salýan giň gerimli işler tebigy we taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen ekologiýa syýasaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak, ülkämiziň tebigy täsinliklerini bütin dünýäde wagyz etmek, türkmen halkynyň, şeýle-de, umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä halklaryna ýurdumyzyň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär.

     Ýaşlara nusgalyk görelde bolup belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

 

Selbi TAGANOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Dekabr 2024 | 6 okalan

TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

18 Dekabr 2024 | 2 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR