AÝAZ BABANYŇ DUTAR ÇALMANY ÖWRENIŞI (hekaýa)

     Aýaz baba bu gezek hem däp bolşy ýaly, dünýäniň eýjejik çagajyklary üçin nobatdaky Täze ýyl sowgatlaryny paýlamak üçin ýola düşdi. Amerikany, Ýewropany aýlanyp bolandan soň, ol öz ugruny Merkezi Aziýa gönükdirdi. Bu sebitiň eýjejik çagajyklaryny ajaýyp sowgatlary bilen begendiren Aýaz baba öz ýanyndan aýdyma hiňlenip barýardy. Daş-töwerek dym-dyrslyk bolup, käýarym ýerde feýerwerkleriň sesleri ýa-da sugunlaryň güýçli hokranmasy aýdymy böläýmäse, Aýaz babanyň hiňlenýän aýdymyndan özge özboluşly ses onuň ünsüni bölenokdy. Birdenem, sesýetim aralykdan, ýerde nähilidir bir ýaňlanýan owaz onuň ünsüni böldü-de oturyberdi. Şeýle owazyň özboluşly mukam bolup ýaňlanmagy Aýaz babanyň ýüregini jigledip barýardy. Ýogsam heniz sowgatlarynyň ählisini paýlap hem gutarmandy. Emma onuň bilesigelijilik häsiýeti gozgap, öz erkine goýmansoň, öz ýanyndan “Gel, şu owazy anyklaýynda, ýetişerin-le” diýýän ýaly, paýtunyny aşak gönükdirdi.

     Geňligine sered-ä, Aýaz babanyň ýoly edil gözel Aşgabadyň, onda-da Oguzkentmyhmanhanasynyň üstünden düşäýşini. Bu gezek dikuçar meýdançasy Aýaz babanyň paýtunynyň düşlän ýerine öwrülse nätjek ?!

     Aýaz baba bu ýerde kän eglenmedi. Çünki ýüregini hälki owaz büs-bütin gurşap alypdy. Bar maksady şony anyklamakdy. Tizden-tiz paýtuny bilen myhmanhananyň öňündäki awtoýoly uçup kesip geçdi-de, myhmanhanyň gabat öňündäki seýilgähe bardy.  Bu gezek owaz edil ýakynynda ýaňlanýan ýaly bolup eşidildi. Ol öz ýanyndan owaza ýakynlaşandygyna begenýärdi we ol paýtunyny haýal sürüp başlady. Birdenem ses saza utgaşyp, täsin bir enaýy owaz bolup, ýaňlanyp ugrady. Şeýle sazy öň eşidip görüpmidi näme ?! Aýaz baba öz ýanyndan “Beý-bä, beýle hoşamaý owazlar nireden gelýärkä, juda täsin eşidilýär-le. Owazyň ýakymlydygyna bir sered-ä! Oturyp dagy eder ýaly däl, edil özüne maýyl edip dur. Dogrudan hem, men pianinonyň, ariýanyň sazlaryny, jazy, fortepianony diňläp görüpdim. Emma beýle owazy henize çenli eşitmändim. Hany anyklaýyn diýip, barha bilesigelijilik bilen gözlemegini dowam etdi.

     Ol uzak ýöremedi. Birdenem, onuň gözleri elinde nämedir bir zatlary şol hereketlendirip oturan bir adama düşdi. Aýaz baba ilkibada, barmakdan çekindi. Ol adam bolsa, hiç zada üns bermän, elindäki guralyny oýnadyp, dürli sazlary çalyp otyrdy. Ak pamyga bürenip duran daýaw pyýadany görüp, saz çalýan ýigit garaşylmadyk pursada haýran galdy.

     Aýaz baba barha ýakynlaşdy. Ol ýigit gözlerine ynanmady. Düýşdir öýtdi, emma düýş däl eken. Hakykatdanam, gabat öňünde Aýaz baba paýtuny bilen dur. Paýtunly daýy oňa barha ýakynlaşyp:

     -Dostum, iňlis dilini bilýärmiň ? – diýip, geň galyjylyk bilen sereden-de, ýaş ýigit işini dowam edip, bilýändigini tassyklan ýaly, baş atdy. Aýaz baba:

     -Gadyrdan dostum, men, neme, birhili seniň çalýan sazyň beýhuş ediji owazlaryna maýyl bolup geläýdim. Eger mümkin bolsa, bu täsin guralyň nämedigini aýdyp bilermiň ? Ondan daşgary, eliňdäki guralyň daş keşbi hem bir geňsi. Edil ýonulyp taraşlanan tagta meňzeş. Mundan hem şeýle owazlar çykýandygyna haýran galýaryn – diýip, matlabyny düşündirdi. Höwes bilen çalyp oturan ýaşajyk ýigit güldü-de:

     -Wiý, bagyşlarsyňyz-da. Tolgunyp oturuşyma salamy hem unudaýypdyryn. Essalawmaleýkim, Aýaz daýy, güneşli Watanymyz Türkmenistana hoş geldiňiz !-diýip, gadyrly salamlaşdy. Aýaz baba edepli ýigidiň myhmansöýerligine öz ýanyndan diýseň begendi.

     -Tüweleme, men onda Türkmenistanda ekenim-dä! Hawa, siziň güneşli ýurduňyz hakynda telim gezek eşidipdim. Men şeýle ajap mekanda bolýandygyma çäksiz buýsanýaryn-diýip, loh-loh edip gülüp, ýene-de sözüni dowam etdi:

     -Howaňyzam jana tenekar. Mylaýymjyk şemal öwsüp dur. Ýogsa-da, eliňdäki gural bilen tanyş etmedinle? – diýip, ýigide nurana gözlerini balkyldadyp, onuň jogabyna garaşýan ýaly, bilesigelijilik bilen ýigide, hem elindäki gurala gaýta-gaýta syn etdi.

     -Biz muňa dutar diýýäris. Bu biziň milli saz guralymyz.

     -Näme ?

     -D-U-T-A-R. Indi düşündiňizmi ?!

     -Dutar-diýip, birnäçe gezek gaýtalap, alyp görmek mümkinmi diýýän ýaly, elini uzatdy. Dessine dutary eline alyp, haýran galyjylyk bilen synlap, birgeňsi oýa batanyny hem duýman galdy we öz içinden “dutar sözüni ýene-de birnäçe gezek gaýtalady.

     -Dutar. Baý-bä, agaçdan ýasalan gural. Beýle-de ondan şeýle ýakymly owaz çykýar eken-dä !

     -Hawa. Ýöne aslynda owaz agaçdan çykanok, ine, şoňa çatylan kirişlerden çykýar. Ony kakýaňda, çalyberýäň sazyňy-diýenden, onuň höwesi artyp başlady we:

     -Gadyrdan dostum, maňa hem muny çalmany öwredermiň-diýip-diýmänkä, ellerini perdeden ikiýana kakyp ugrady. Ýöne başa barmady.Ýaşajyk ýigit bolsa, mylaýym ýylgyryp, elinden aldy-da, onuň tärlerini hereketde görkezip, sözläp başlady. Aýaz baba hem düşünibildiginden, bir zatlar öwrenmek üçin diňşirgenip seredýärdi we şol bir wagtyň özünde diňleýärdi. Şondan soň, ol ýene bir gezek synanyşmakçy boldy.

     -Hä, bir owaza çykdy-diýip, dutaryň taryny ýene bir gezek kakdy. Iki owaz çykdy.

     Hojaýynyň hereketlerini geň görüp, seredip durana çalym edýän sugunlar hem hokranmaklaryny bes edip, synlap başlady. Emma ikisi hem muňa üns berenokdy. Olaryň bar ünsi dutarda jemlenendi.

     Dutary oňat çalmak üçin ýüregiň bilen saza berilmeli. Elbetde, Aýaz baba-da bar ünsüni dutara bereni bilen hem, onuň dilini tapmak oňa aňsat başartmajaga meňzeýärdi. Ol birdenem:

     -Ýogsa-da, seniň adyň näme ?

     -Meniň adym Sapar.

     -Tanşanyma örän şat-diýip, Aýaz baba ýene-de bir gezek loh-loh edip güldü-de, paýtunyndan ajaýyp bir sowgady alyp ýaşajyk ýigide uzatdy-da:

-Täze ýylyň bilen gadyrdan dostum !

   Sowgat uly buýsanç bilen kabul edildi:

     -Siziň hem täze ýylyňyz düşümli bolsun. Siziň gelmegiňiz, ähli çagajyklar üçin uly sowgat bolar. Biziň ýurdumyzyň çagalary garaşylmadyk myhmany görüp begenerler-diýip, Sapar birhili şatlygyny gizläp hem durmady. Şeýdip, ikisiniň sözi alşyp, gysga wagtda şeýle bir ysnyşdy welin, ähli zatlar barada gürrüňleşip ýetişdi. Demirgazyk polýusda Aýaz babanyň ýaşaýşy we onuň durmuşynda bolup geçen gyzykly gürrüňler Sapary has-da begendirdi. Esasan-da, elfleriň durmuşy onda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sapar edil özüni şonda bolup gören ýaly duýdy.

     Aýaz baba birdenem ýoluny dowam etmäge meýillidigini aýdyp:

     -Ýogsa-da, çagajyklary nireden tapyp bolarka?-diýip, daş-töweregine seredip başlady.

     Sapar:

     -Biz entek ýetişeris. Hemme täze ýyly garşy almaga taýýarlyk görýär. Gowusy, gel, ikimiz baş arça gideli. Şol ýerde biz bütin halkymyz bilen Täze ýyly garşy alýarys. Adamlar entek gaýdan däldir. Biz ýetişeris-diýen badyna, Aýaz baba dessine paýtunyna atlandy. Sapary hem ýanyna çagyryp, oňa ýoldaş bolmagyny teklip etdi. Teklip uly ruhubelentlik bilen kabul edildi.

     Paýtun şatlyk-şowhuna beslenip, baş arçanyň gözleginde diýip, bat aldy.

     Sanlyja sekuntlardan Aýaz babanyň paýtuny baş arçanyň ýokarysynda peýda boldy. Dynç alyş merkezi adamlardan doludy. Olaryň ýüzlerinde şatlyk nur saçyp durdy. Çagajyklaryň şatlykly sesleri, gülküleri bolsa, belentden ýaňlanýardy.

     Birden al-asmandan uçup gelen garaşylmadyk myhmanlar ähli çagalary, şol sanda olaryň hossarlaryny haýran galdyrdy. Paýtun gelen badyna, çagajyklaryň biri ara salym salmazdan, “Serediň, Aýaz daýy gelýär” diýip, gygyrdylar. Çagajygyň sesine beýleki çagalar hem goşulyp, “Aýaz babamyz gelýär” diýip, gygyrmaga başladylar.

     Aýaz baba şeýdip, ähli ýaş türkmenistanlylary öz sowgatlary bilen begendirdi. Çagalaryň arasyndaky ýaş ýetginjekler hem bu şatlyga höwes bilen goşuldylar.

     Çagalar üçin bu ýylky Täze ýyl has-da ýatdan çykmajak pursatlara baý bolandygyny olaryň goşalanýan şatlykly ýylgyryşlaryndan magat göz ýetirmek mümkindi. Sapar durmuşynda hem ykbal oňa bu ýyl goşa şatlyk eçildi. Bir ýanynda Täze ýyl joşguny, ikinji ýanynda Aýaz baba. Bularyň ählisi, ýaş ýetginjegiň ýüreginde müdimilik ornaşar.

     Çagalar pursat salymda Aýaz baba bilen wagtlaryny hoş geçirdiler. Olar hatda, höwes bilen Aýaz baba dutar çalmagy öwretmekde Sapara ýardam hem etdiler. Wagtyny eýjejik çagalar bilen şadyýan geçiren Aýaz baba ähli çagalar bilen hoşlaşdy we olary demirgazyk polýusa çagyrdy. Çagalar elbetde, Aýaz babanyň gitmegine garşy bolsalar-da, bialaç hoşlaşmaly boldular. Barybir Aýaz baba olara özüni ýatlatjak uly ýadygärligi goýup gidipdi. Ol hem çagalaryň kalbyna çoýulan mähirli ýylgyryşlar we ýatdan çykmajak pursatlardy.

     Paýtuny bilen ýokaryk bat alan Aýaz baba öz ugruny indi Ýewropa gönükdirdi.

 

Gurbanmyrat GURBANOW,

žurnalist, ýaş alym, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Dekabr 2024 | 6 okalan

TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

18 Dekabr 2024 | 2 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR