Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň ýurduna öwrülýär. Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösüşleriniň berk binýady bolup hyzmat edýän milli bilim ulgamyny yzygiderlikli kämilleşdirmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän il bähbitli, ýurt ähmiýetli syýasatynyň özeni bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip belleýşi ýaly, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşýär, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we usulyýet binýady pugtalanýar, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen baýlaşdyrylýar.
Ýurdumyz bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň täze tapgyryna gadam basdy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklamagy bilen ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlendi. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň okuw işlerine giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Biz — ýaşlar giň mümkinçilikleriň gurşawynda bagtyýar ýaşaýandygymyza çäksiz buýsanýarys. Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni gurşawyna işjeň goşulyşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşip, Watanymyzyň kuwwatly ösmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda mundan beýläk hem yhlasly okap, bilimimizi artdyryp, zähmet çekeris.
Biz — ýaşlar üçin uly aladalary edýän, ähli şertleri döredip berýän Gahryman Prezidentimiziň hemişe janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýärin. Goý, hemişe biziň ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty bütin äleme nur çaýsyn!
Sarwinaz HOJANIÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.