OKGUNLY ÖSÝÄN HALKARA HYZMATDAŞLYGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda asmanymyzyň asuda, ýurdumyzyň abadan bolmagyny dilleriniň senasyna öwren pederlerimiziň eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan biziň ata-babalarymyz parahat durmuşda ýaşap, ähli eşretlere ýetip bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Şol ynam bilen hem, goňşy arasyndaky gatnaşyklarda hoşniýetli häsiýetlerimiz kemala gelipdir. Dünýäniň dört künjünde döwlet gurmagy başaran ata-babalarymyz hut şu häsiýet bilen tanalypdyr.

     Dost-doganlygyň, agzybirligiň mekany bolan Türkmenistan dünýä döwletleriniň ençemesi bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň işine yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Häzirki wagtda bu edaralar bilen bilelikde birnäçe taslamalar, maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

     Ýurdumyzyň açyklygy, giň hyzmatdaşlygy ösdürýändigi, dünýädäki oňyn tejribäni kabul etmegi, sebit we ählumumy derejedäki meseleleri çözmekde işjeň, parahatçylyk döredijilikli ýörelgä eýermegi daşary syýasy strategiýanyň üstünlikli we netijeli bolmagyna ýardam edýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň hünärmenleriniň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda açylan Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň üstünlikli iş tejribesi munuň aýdyň mysalydyr.

     Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni, ynsanperwerlik we beýleki gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklarda Türkmenistanyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüji, özara bähbitli, deňhukukly daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegi üpjün etmek milli diplomatiýa gullugynyň baş wezipeleri bolup durýar.

 

Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Dekabr 2024 | 6 okalan

TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

18 Dekabr 2024 | 2 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR