DÜNÝÄDE YKRAR EDILEN TAGLYMAT

     Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz daşary syýasatynyň binýatlyk esasy edip goýýandygyny hemişe iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly ýörite Kararnamany — ýurdumyzyň halkara-hukuk derejesini tassyklan, dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ilkinji resminamany kabul etdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi, hemişelik Bitaraplyk derejämizi has-da berkitdi. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty diňe milli bähbitlere däl-de, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklaryň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.

     Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly energetika we ulag, ekologiýa we azyk howpsuzlygy, üstaşyr-ulag geçelgeleri, şeýle hem, beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Rezolýusiýalar kabul edildi. Mundan başga-da, bu abraýly halkara guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde köpsanly möhüm resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi, birinji Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylmagy hem, Gahryman Arkadagymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleridir. Munuň özi, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

     Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň iri halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen, şeýle hem, dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklary, ylym, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa, sport, edebiýat, sungat, medeni we ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde bu ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler we geljegi nazarlaýan taslamalar barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

     Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly daşary syýasatyny ýöretmekde dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklaryndan ugur alnyp ýola goýulmagyny, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, harby bileleşiklere goşulmazlyk, şeýle hem, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny alamatlandyrýar.

 

Jemal ÖRÄÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

18 Dekabr 2024 | 6 okalan

TÜRKMEN MILLI SAZ GURALLARY

18 Dekabr 2024 | 2 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY ILERI TUTULÝAN UGUR