Halk pedagogikasy diýlende, munuň özi ýaşlara bilim, tälim bermek, edep öwretmek barada asyrlaryň dowamynda toplanan düzgünler, kada-kanunlardyr, däp-dessurlardyr. Şol sebäpden hem ýaş nesliň watançy ogul-gyzlar bolup ýetişmegi üçin halk pedagogikasynyň çeşmeleriniň ähmiýeti uly hasaplanýar. Türkmen halk pedagogikasynyň atasy Döwletmämmet Azady adamyň ösüp, kemala gelmeginde terbiýäniň uly güýjüniň bardygyny belläp geçipdir. Çünki şahsyýetiň ösüp kemala gelmeginde esasy şertleriň biride terbiýedir. Ol özüniň meşhur «Wagzy Azat» kitabynda ýaş nesle terbiýe bermegiň 40 sany düzgünini ylmy taýdan işläp, ata-enelere, pedagoglara sagdyn gollanmany hödürlän beýik şahsyýet. Şol pedagogik düzgünler, kadalar sazlaşykly ösen şahsyýete mahsus bolan ahlaklylyk, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýär.
Terbiýe meselesi halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda-da, nusgawy şahyrlaryň eserlerinde-de, türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynda-da, ýazuw ýadygärliklerinde-de öz beýanyny tapypdyr. Akyl-paýhas meselesi dürli döwürlerde, islendik jemgyýetde wajyp meseleleriň biri bolmagynda galýar. Sebäbi akyl-paýhas adam zadyň, olaryň arasyndaky dürli we köptaraply gatnaşyklaryň kadaly alnyp barylmagynda esasy orny eýeleýär. Bu barada görnükli pedagog alym Gurban Pirliýew şeýle belleýär: «Halk pedagogikasy akyllylygyň esasy alamatlary diýip adamyň bilimliligini, düşbüligini, parasatlylygyny, öz öňünde dogry we güýç ýeter maksatlar goýup, olara ýetmegi başarmagyny, synçylygyny, paýhaslylygyny, daşyny gurşaýan hakykata dogry baha bermek we onda dogry hereket etmek ukybyny, ahlak kämilligini, her bir ýagdaýdan baş çykaryp bilmek başarnyklaryny kemala getirýär».
Türkmen maşgalalarynda çagalary we ýetginjekleri terbiýelemekde akyldar şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň we beýleki görnükli şahsyýetleriň döredijiliginiň ähmiýeti hem örän uly hasaplanýar. Olarda halkyň baý durmuş tejribesi, milli terbiýe mekdebi, pikirleniş ukybynyň çeýeligi, durmuş hakykatyny kabul edip bilişi, pähimlilik hem-de päk ahlaklylyk ýaly sypatlary jemlenendir.
Jemile KAKALYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.