WELOSIPED – SAGLYK WE BELENT RUH

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň watandaşlarymyz bilen bilelikde, şol köpçülikleýin çärelere gatnaşmagy ýurdumyzda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagyna, umuman, sportuň wagyz edilmegine nusgalyk goşantdyr. Şeýle hem, täze ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyna çagyryş bolýandygy hem guwandyryjydyr. Elbetde, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa, saglygy goramagy şertlendirýän ulagyň görnüşi bolan welosipediň taryhy we köpugurlylygy barada söhbet etmek gyzykly hem täsirlidir.

     Dünýäde giňden ýaýran, uly meşhurlyga eýe bolan welosipediň we welosiped sportunyň taryhyna ser salsak, onda ilkinji welosiped guralynyň taslamasynyň suratyny 1495-nji ýylda beýik italýan alymy, dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň we onuň şägirdi Jakomo Kaprottiniň çekendigi barada aýdylýar. 1817-nji ýylda nemes professory baron Karl Drez iki tigirli samokat oýlap tapyp, ony 1818-nji ýylda açyş hökmünde resmi taýdan tassyklapdyr. Germaniýanyň Karlsrue şäheriniň ýaşaýjysy oýlap tapan ulagyny «Ylgamak üçin» diýip atlandyrypdyr. Welosipediň has kämil görnüşini bolsa, ilkinji gezek fransiýaly alym Žozef Nisefor oýlap tapypdyr. Welosiped sportunyň döredilen senesi diýlip, 1868-nji ýylyň 31-nji maýy hasap edilýär. Şol gün Parižiň eteginde ýerleşýän Sen-Klunyň seýilgähinde 2000 metr aralyga bolan ýaryş geçirilipdir. 1896-njy ýylda welosiped sporty Pýer de Kuberten tarapyndan guralan ilkinji olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilip gelinýär.

     Dünýäniň köp ýurtlarynda welosiped bilen gezelenjiň muşdaklarynyň jemgyýetleri döredilipdir. Aşgabatda ilkinji gezek welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Şol jemgyýetiň döredilen pursatyndan bir ýyl geçenden soň, Türkmenistanda welosportuň ösdürilmegine badalga beren ilkinji bäsleşik geçirilýär. 1926-njy ýylda Aşgabat şäherinde welotrek gurlupdyr. Türkmenistanda köpçüligiň ünsüni özüne çeken welosipedçi türgenler peýda bolup başlapdyr. Olaryň köpüsi 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda 3900 kilometr aralyk bolan Aşgabat-Moskwa ugruny 27 günüň dowamynda geçip, özboluşly rekord goýmagy başarypdyrlar.

     Häzirki wagtda welosiped iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Welosipediň bahasynyň arzanlygy, agramynyň ýeňilligi, gabarasynyň uly däldigi, ýangyç sarp etmeýändigi we howpsuzlygy ulagyň bu görnüşiniň özüneçekijiligini has-da artdyrýar. Sportuň welosiped görnüşi ýurdumyzda aýratyn meşhurlyga eýedir. Häzirkizaman welotrekleriň gurulmagy hem-de beýleki sport toplumlarynyň bina edilmegi, şeýle hem, Milli Liderimiziň öz hatarlaryna ähli ýaşdaky türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdirýän yzygiderli welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ýola goýan ajaýyp ýörelgesi welosiped sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

     Sport bilen meşgullanýan adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentliginiň artýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň adamyň akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukybynyň artmagyna, ýatkeşligine, taplanmagyna oňaýly täsir edýändigini nazarda tutanyňda, Watanymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny özünde jemleýändigini bellemek bolar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Sülgün PIRIÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

16 Dekabr 2024 | 2230 okalan

TÜRKMENISTAN – NEBIT GAZYŇ WATANY

13 Dekabr 2024 | 204 okalan

WELOSIPED – SAGLYK WE BELENT RUH