SANLY BILIM – DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ MÖHÜM ŞERTI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi, bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da tapawutlanýar. Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

     Mälim bolşy ýaly, dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy möhüm bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň içinde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy aýratyn bellärliklidir.

     Häzirki wagtda maglumat tehnologiýalary örän çalt depginler bilen ösýär. Bu günki gün ýaşaýşymyzy öýjükli aragatnaşyksyz, planşetsiz, kompýutersiz göz öňüne getirmek juda kyn. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edildi.

     Häzirki döwrüň okuw serişdeleri bilen üpjünçilik we olary ulanmak baradaky täzelikleriň hatarynda okuw kitaplary we beýleki okuw-usuly serişdeleriniň elektron göterijide taýýarlanýandygyny, ýagny ýokary bilim ojaklarynda sanly ulgam üçin döredilen bilim portallarynda okuw maglumatlaryny özünde jemleýän zerur serişdeleriň ýerleşdirilýändigini aýratyn nygtamak bolar.

     Sanly ykdysadyýete geçmek üçin, ilkinji nobatda, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bilim berlişiniň hil derejesini ýokarlandyrmakda kompýuterleriň, multimediýa enjamlarynyň we beýleki maglumat tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň döwrebap enjamlarynyň işledilişiniň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, okuw mekdepleriniň innowasion ulgamynyň ösüşi ählitaraplaýyn ileri tutulýar.

     Türkmenistanyň bilim ulgamynda toplan baý tejribesi onuň ösüşindäki batly gadamlaryny görkezmek bilen, bu ugurdaky indiki ädimleriň has-da ilerlemeginde, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň döwrebap ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmeginde täze wezipeleri öňde goýýar. Şunuň bilen, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri geljekki ösüşleriň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, durmuşa hemmetaraplaýyn ukyply, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini kepillendirýär.

 

Şükür NAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Meňzeş habarlar

16 Dekabr 2024 | 2206 okalan

TÜRKMENISTAN – NEBIT GAZYŇ WATANY

13 Dekabr 2024 | 195 okalan

WELOSIPED – SAGLYK WE BELENT RUH