Çeper döredijilige, edebiýata sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy bütin halkymyzy, aýratyn hem biz ýaşlary has-da begendirdi. Täze ýylyň bosagasynda şeýle ruhy serpaýyň elimize gowuşmagy gymmatly serpaý boldy. Çünki kitabyň sahypalaryndaky türkmeniň taryhy, guran döwletleri baradaky baý taryhy maglumatlar, alymlaryň pikirleri halkymyzyň beýikligine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz öňem türkmeniň taryhy baradaky maglumatlar içinden eriş-argaç bolup geçýän birnäçe kitaplary halkymyza sowgat etdi. Şu kitap bolsa şol maglumatlaryň özenini bitewilik bilen doldurýar. Türkmen, iňlis dillerinde çap edilen bu gymmatly eser dünýä halklarynyň okyjylary üçin hem örän ähmiýetli bolar.
Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda çeper beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümleriniň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy» we «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýen bölümler okyjylara ýetirilýär. Bu çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserde halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, biziň günlerimize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalaryny, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny hem nygtaýar. Kitaba, söze belent sarpa goýýan Eziz Arkadagymyz «Ömür, ömrüň manysy, terbiýe, ýaşaýyş-durmuşyň manysy, ähmiýet bermeli gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň manysy hakdaky öwüt-ündewlerimiziň ýaşlaryň maňzyna batjakdygyna, aňyna ornajakdygyna ynanýan» diýip uly ynam bilen ýaşlara ýüzlenýär. Elbetde, Alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly beýik paýhasyndan tälim alyp, biz jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri geljekde milli gymmatlyklarymyzyň jümmüşine alyp gitjek baý edebi mirasymyzy ýaşlara giňden wagyz etmelidiris. Şu günler hem Hojambaz etrabynyň edara-guramalarynda, mekdeplerde ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek maksady bilen yzygiderli işleri alyp barýarys.
Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly peşgeşi biziň hakydalarymyzyň göwheri, her bir ädimde ýaşlaryň ýol görkezijisi bolup kalbymyzda orun alar. Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan asylly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şöhrat KADYROW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz
etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.