Ýol-ulag gatnaşygynda howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek her bir adamyň borjudyr. Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek diňe sürüjiler üçin däl, eýsem pyýada ýolagçylar, welosiped sürüjileri üçin hem zerurdyr. Şol sebäpden bu ugurda ýaşlaryň düşünjeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýörite usulyýetleriň ornaşdyrylmagy möhüm wezipeleriň biridir.
Ýol-hereketiniň düzgünlerini öwretmek ýaşlarda tehniki we ätiýaçlyk hereketler toplumyny kemala getirmek bilen bir hatarda, jogapkärçilik duýgusyny, ünsli bolmagy, jemgyýetçilik tertibine hormat goýmagy hem terbiýeleýär. Netijede, ýol heläkçilikleriniň öňi alynýar, howpsuz hereket etmek hakyndaky pikir gündelik durmuşda endige öwrülýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly her ýyl geçirilýän bir aýlyk çäreler toplumy örän ähmiýetlidir. Her ýylyň sentýabr aýynyň başynda badalga alýan bu hereket ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri öz içine alýar. Bu şygar astynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, dürli duşuşyklardyr maslahatlar giň gerimli häsiýete eýe bolup, ýaş nesilde jogapkärçilik, ýol medeniýeti, özüniň hem-de ýol-hereketine gatnaşýan beýleki adamlaryň howpsuzlygyna hormat goýmak ýaly ýagşy endikleri terbiýelemekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Ýol-hereketiniň düzgünlerini netijeli öwretmek üçin teoretiki öwretmek, mekdeplerde ýörite sapaklar geçirmek, ýol belgileriniň manylaryny düşündirmek, multimedia serişdelerini (wideo, surat, prezentasiýa) ulanmak ýaly dürli usulyýetler ulanylýar. Mundan başga-da, ýol ýagdaýlaryny ýaşlara tejribe esasynda görkezmek, ýörite meýdançalaryň we okuw ýol ugurlarynyň ulanylmagy, ýol hereketiniň düzgüni boýunça oýunlar, imitasiýa we simulýasiýalaryň geçirilmegi ýaly amaly taýýarlyklara aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, terbiýeçilik esasda çemeleşmek hem ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakda ähmiýetlidir. Muňa ýol hereketiniň düzgünlerini gündelik işjeňlige ornaşdyrmak, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň medeniýeti boýunça bäsleşikleri geçirmek, aýratynlykda kiçi ýaşly okuwçylara gürrüň, dürli oýunlar arkaly öwretmek ýaly usullar ulanylýar.
Hyzmatdaşlyk we interaktiwlik usuly polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy bilen okuwçylaryň duşuşyklary, meýletinçileriň we ýaşlaryň gatnaşmagynda düşündiriş çäreleri, ene-atalaryň gatnaşmagynda ýörite okuw sapaklarynyň guralmagy bilen bagly bolup durýar.
Ýol-hereketiniň düzgünlerini öwretmek diňe bilim bermek bilen çäklenmän, jemgyýetde howpsuzlygyň we medeniýetiň esasyny düzýär. Dogry taýýarlanan usulyýetler arkaly ýaşlarda ýol hereketiniň medeniýetini, jogapkärçiligini hem-de howpsuzlyk ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak mümkin. Bu bolsa jemgyýetiň sagdyn ösüşi üçin möhüm şertleriň biridir.
Ýol hereketiniň düzgünleri öwredilende okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary, psihologik taýýarlygy we gündelik durmuş tejribesi göz öňünde tutulmaly. Çünki düzgünleriň diňe sözler arkaly düşündirilmegi däl-de, olaryň durmuşda ulanylyşyny görkezmek has netijeli bolýar. Şonuň üçin okuw sapaklarynda interaktiw usullar, okuw oýunlary, wideo görkezmek, ýol hereketiniň ýagdaýlaryny simulýasiýa edýän ýörite programmalardan peýdalanmak ýaşlarda has çalt we berk düşünje döredýär.
Şeýle hem mekdeplerde Polisiýasynyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekillerini, lukmanlary we tejribeli mugallymlary çagyryp, ýörite duşuşyklary, açyk sapaklary geçirmek peýdalydyr. Şeýle çäreler ýaşlaryň diňe bilimini baýlaşdyrman, olarda jogapkärçilik duýgusyny-da kemala getirýär. Mundan başga-da, maşgalada hem ýol-hereket medeniýetini ösdürmek aýratyn ähmiýetlidir. Çünki çagalar köp halatda ene-atalarynyň hereketlerine syn edýärler we olardan görelde alýarlar. Şonuň üçin ene-atalaryň özi hem ýolda ähli düzgüne berk uýmaly hem-de çagalaryna dogry görelde görkezmeli.
Şeýle ajaýyp ýollarda halkynyň bagtyýarlygyny, olaryň howpsuz ýaşaýşyny maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we bu asylly ýörelgäni üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
pedagogika kafedrasynyň müdiri,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.