Ösüşlere beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan gysga döwrüň içinde gara ýollaryň ýüzlerçe kilometrini gurmak bilen Ýewraziýanyň möhüm çatrygyna öwrüldi. Bu ýagdaý tranzit arkaly ýükleriň ep-esli böleginiň ýük awtomobilleri arkaly daşalmagyna giň mümkinçilikleri açdy.
Ýurdumyzda gurulýan gara ýollar ylmyň häzirki ösen şertlerine laýyklykda gurlup, agyr ýükleri götermäge, agyr tehnikalaryň rahat, ygtybarly daşalmagyna ýardam edýär.
Gara ýollary gurmagyň güýçli depginde alnyp barylmagy netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda şaýollar, ýolaýrytlar, ýerasty geçelgeler peýda boldy. Munuň özi ýollarda hereket howpsuzlygyny kadaly berjäý etmäge, ýollarda awtoulaglaryň we pyýadalaryň hereketini bökdençsiz sazlamaga ýardam edýär.
Häzirki döwürde ýol-ulag işleriniň uly göwrümli taslamalary işe ornaşdyrylýar. Bu ugurda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny ýatlap geçmek bolar.
Ýol gurluşyk işleri hakynda pikir gozgalanda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň we onuň eltiji ýollarynyň gurluşygyny ýatlap geçmek möhümdir. Bu işleriň ählisi halkymyzyň eşretli durmuşyna we geljekde milli ykdysadyýetimiziň ilerlemegine gönükdirilendir.
Myrat GOŞAÝEW,
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.