2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzda ilkinji gezek telekeçilik we işewürlik ugry boýunça ýöriteleşen ýokary okuw mekdebiniň — Halkara Senagatçylar we Telekeçiler Uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze ýokary okuw mekdebiniň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebine halkara derejesindäki güwänamalaryň hem-de ýörite baýraklaryň gowşurylmagy bu bilim ojagynyň halkara ölçeglere laýyk gelýändiginiň we onuň öňünde goýlan belent maksatlaryň dabaralanmagy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.
Bu möhüm başlangyç, Garaşsyz Türkmenistanyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde, telekeçilik ruhuny ösdürmekde hem-de ýaş nesli täze ykdysady şertlerde ylmy taýdan taýýarlamakda ähmiýeti uly bolan ädimleriň biridir. Halkara ölçeglere laýyklykda döredilen bu ýokary okuw mekdebi, diňe bir täze bilim ojaklarynyň birine däl, eýsem, ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň möhüm sütünleriniň birine öwrülýär.
Şeýle giň gerimli özgertmeleri amala așyrýan hem-de ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadamyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geñeşiniň başlygynyñ wezipesini ýerine ýetirijisi.