Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň binýady ykdysadyýet bilen hatarda giň gerimli diplomatiýa bilen hem berkidilýär. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ulag diplomatiýasy bolup durýar. Ulag diplomatiýasy diňe bir ýollar, portlar arkaly ýurtlary birleşdirmek bolman, eýsem dostluk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ýaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan — Aziýanyň ýüreginde ýerleşen, strategik taýdan möhüm ulag-geografiýasy bolan ýurt. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri döwletimiziň çäkleriniň üsti bilen geçýän halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem parahatçylygyň ýoly hökmünde hem öňe sürülýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasy tutuş sebiti, hatda kontinenti birleşdirýän giň ugurlary öz içine alýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, halkara demir ýol taslamalary, Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň işe girizilmegi — bularyň ählisi döwletimiziň ulag-logistika mümkinçilikleriniň giňdigine şaýatlyk edýär.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.