Kitap diýen gymmatlygyň adamzat durmuşyndaky deňsiz-taýsyz ähmiýeti hakynda çuňňur sarpa ýugrulan öwüt-ündewler Gahryman Arkadagymyzyň çykyşlarynda-da, jemgyýetçiligiň wekilleri bilen duşuşyklarynda-da, ýaşlara nesihatlarynda-da mynasyp orun alýar. Milli Liderimiziň paýhas-zehininden dörän, ylmy maglumatlara we jöwher pähimlere baý bolan atalyk kitaplarynda hem türkmen halkynyň kitaba aýratyn hormaty täsirli deliller arkaly açylyp görkezilýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize iberen Gutlagynda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär.
Alym Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň “Taryha syýahat” atly birinji babynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, şeýle hem saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edýär. Milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň köpöwüşginliligine alty bölümden ybarat “Ruhy miras” babynda üns çekilýär.
Umuman, alym Arkadagymyzyň ylmy-filosofik işleri we çeper eserleri geljek nesiller üçin gymmatly hazynadyr. Halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjeni bolan “Hakyda göwheri” atly kitap hem nesilleriň ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.
Perdeli SAPARGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.