MUGALLYM – USSATLYK MEKDEBI

     Her bir ynsan durmuşda öz zehinine we başarnygyna görä degişli hünäriň eýesi bolýar. Heniz çagalyk döwründe ýaşlaryň zehinini we başarnygyny ýüze çykarmak, olaryň gelejekki durmuşda öz ornuny tapmagyny gazanmakda tagallalaryň aglabasy mugallymlaryň paýyna düşýär. Köplenç mugallymyň kyn we göze ilmeýän işleri netijesinde dünýäde zehinli alymlar, lukmanlar, şahyrlar we beýleki ussatlar döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «Mugallym – aýratyn adam. Ol bilim baýlygyny adamlara bagyşlamalydyr. Onsoňam bilim şeýle baýlykdyr, ony ile näçe köp berseň, ol şonça-da artar gider oturar» diýen jümlede hem mugallymçylyk käriniň sarpasy beýan edilýär.

     Elbetde, iň bir jogapkärli we hormatly kärleriň biri mugallymçylyk käri bolsa gerek. Taryha ser salsak türkmen halky çaga terbiýesinde mugallyma uly ähmiýet beripdir. Olar özleriniň baldan süýji görýän çagalarynyň terbiýesini öz ömrüni ylym öwretmek ýaly asylly işe bagyş edýän mugallymlara ynanypdyrlar. Sebäbi dürli-dürli pursatlary başdan geçirip, durmuş mekdebinden sapak alyp, baý tejribe toplan mugallymlar ussatlyga ýetýärler. Şeýle ussatlardan bilimdir terbiýe almak bolsa ynsanyň bütin durmuş ýoluny ýagtylandyrýar.

     Ene-atalar bilen bir hatarda  mugallym okuwçylaryň durmuşda dogry ýoly saýlap almagyna kömek edýär. Her bir çaganyň hüý-häsiýetiniň aýrylygyna garamazdan, olar bilen ysnyşykly gatnaşygy ýola goýup bilýän, olaryň her biriniň kalbynda dörän Watana, il-güne bolan söýgüniň goruny tükeniksizlige öwürýän hem elbetde, mugallymdyr. Ol özüniň ähli gujur-gaýratyny okuwçylaryň şahsy çemeleşmelerine, akyl gyzyklanmalaryna, öwrenmek mümkinçiligine we isleglerine esaslanyp, arassa ahlakly şahsyýetiň kemala gelmegine gönükdirýär. Çaganyň durmuş tejribesi näçe baý bolsa, onuň ugurtapyjylygy we akyl ýetirişi şonça-da ýokary bolýar.

     Bilesigeliji okuwçylaryň her bir soragyna netijeli jogap bermek, olaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle hem mugallymyň her bir hereketi, sözleýiş äheňi, özüni alyp baryşy çagalara täsirini ýetirýär. Mekdep okuwçylary elmydama kömege ýetjek, üstünliklerine begenýän we şowsuz bolan ýagdaýlarynda goldaw berýän mugallym bilen aragatnaşyk saklamagyň nähili gyzykly we şatlyklydygyny, şeýle hem mugallymyň duýgudaşlyk edip, bagyşlap, kömek edip biljekdigini duýmalydyr. Emma beýle diýildigi, olaryň islän hereketlerini edip biljekdigi, soňra bolsa eden nädogry hereketleriniň ählisiniň mugallymlar tarapyndan bagyşlanyp bilinjekdigi barada duýguny döretmeli däldir. Çagalaryň mugallyma we mugallymçylyk kärine näderejede hormat goýýandyklaryny, olaryň aglabasynyň, gelejekde haýsy hünäriň eýesi bolmak isleýändikleri barada  sowala: «mugallym» diýip jogap bermekleri bilen hem göz ýetirip bolýar.

     Mugallym okuwçysy tarapyndan söýülmelidir. Okuwçylaryna täsir edip bilmek we ikitaraplaýyn gowy gatnaşygy ýola goýmak üçin mugallym söýgüniň hem-de kämilligiň gudratyndan peýdalanmalydyr. Mugallymyň üstünligi esasan okuwçylarynyň üstünlikleri bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin okuwçylar bilen elmydama täze maksatlary kesgitlemeli hem-de bu maksada ýetmek üçin göreşmelidir. Galyberse-de, mugallymlar iň täze habarlar, bilim ösüşleri, tehnologiýalar bilen tanyşmagyň nähili möhümdigini bilmelidirler. Bu maglumatlary okuwçylar bilen paýlaşmak olaryň hem pikirleriniň täzelenip durmagyna ýardam edýär.

     Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, şeýle hem milli ynsanperwerlik ýaly häsiýetlerini özünde jemleýän ýaşlaryň kemala gelmegi, olaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy, döwrebap hünäre eýe bolmagy, sanly innowasion tehnologiýalaryny özleşdirmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ussat mugallymlaryň halypalyk etmeginde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde kämil we döwrebap bilimleriň eýesi bolýan ýaşlar, bu günki günde, dürli ugurlar boýunça döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, olimpiýadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda bilim ulgamyna berilýän ünsüň has hem ýokarlanýandygyny tekrarlaýar. Bu günki ýaş nesliň gelejekki ussat hünärmenler bolup ýetişmeginde sarpaly wezipäni ýerine ýetirýän ussat mugallymlara zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin mugallymlaryň we biz ýaşlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Diýarymyzda döwlet Baştutanymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Parahat SÖÝÜNOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

institutynyň Hukuk fakultetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 0 okalan

TERBIÝE HAKYNDA KELAM AGYZ

29 Ýanwar 2025 | 2904 okalan

ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

29 Ýanwar 2025 | 1182 okalan

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR ROWAÇLANÝAR