ZEHIN BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI

     Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2024 – nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-21-nji dekabry aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilen Döwlet bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelän talyp ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

     Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bilim berilişiniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

     Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň özbaşdak işlemek ukyplaryny ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary hilini üpjün etmek hem-de zehinli talyp ýaşlary höweslendirmek maksady bilen geçirilen okuw dersleri boýunça bu Döwlet bäsleşigi talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

     Bäsleşigi geçirmek boýunça Guramaçylyk topary tarapyndan bäsleşige gatnaşyjylaryň sanyna laýyklykda, bu Döwlet bäsleşiginde 88 sany 1-nji, 181 sany 2-nji we 223 sany 3-nji orunlar bermek kesgitlenildi.

     Berkarar Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil baradaky döwlet derejesinde edilýän aladalar bu gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyza wepaly, ylymly-bilimli, milli ýörelgelerimize ygrarly, watansöýüji, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge yhlasly ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

     Döwletimizde ilatyň ep-esli bölegini düzýän ýaş nesiller ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmäge, diýarymyzy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly giň gerimli işlerde mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlara aýratyn bil baglanylýar. Ähli ugurlarda zähmet çekýän we ylym-bilim alýan ýaşlara öz zehinlerini, başarnyklaryny açyp görkezmäge, tejribelerini baýlaşdyrmaga, hünär derejesini kämilleşdirmäge bolan hemmetaraplaýyn islegleri kanagatlandyrylýar.

     Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaklary üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Bular bilen bir hatarda dürli ugurlar boýunça ylmy we beýleki medeni bäsleşikleriň, halkara derejesindäki ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi ylma hem-de döredijilige höwesli ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri açmaga ýardam edýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda ýaşlaryň kämil tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň geljekde öz saýlap alan hünäri boýunça ýokary derejeli, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär.

     Gülläp ösýän Diýarymyzda bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, umuman, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan anyk özgertmeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek üçin mundan beýläk-de örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

     Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy we saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmegi ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ylmy barlaglar bilen meşgul bolýan ýaşlary goldamak, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlaryň ylmy gurnaklaryny we geňeşlerini döretmek, ýaşlaryň kompýuter we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak, öwrenen bilimlerini ylym-bilim ulgamynda giňden ulanmaga çekmek boýunça işleriň gerimini giňeltmek, telekeçilige goldaw bermek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň giňden durmuşa geçirilmegi ýaşlary täze belent üstünliklere ruhlandyrýar.

     Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň ýaşlara okamaga, saýlap alan hünärlerini kämil derejede öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar, hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 0 okalan

TERBIÝE HAKYNDA KELAM AGYZ

29 Ýanwar 2025 | 2904 okalan

ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

29 Ýanwar 2025 | 1182 okalan

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR ROWAÇLANÝAR