Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna, bilimleriň ýokarlandyrylmagyna, tejribeleriň artdyrylmagyna, döwrebap bilimli we başarnykly, ýokary guramaçylyk we dolandyryş ukyplary bilen tapawutlanýan hünärmenleriň ýüze çykarylmagyna, sanly dolandyryş we işgärleri dolandyrmak ukyplarynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem işgärleriň syýasy, hukuk sowatlylygyny ösdürmek, sanly ulgam, jemgyýetçilik ugurlary babatda bilimlerini berkitmek maksady bilen hem birnäçe okuwlar guraldy.
Biz hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi bolmak bilen ussat hünärmenleriň we baý tejribe toplan professor mugallymlaryň sapaklaryna, maslahatlara, duşuşyklara, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşliklere gatnaşyp degişli okuw ugry boýunça bilimlerimizi artdyrdyk.
Degişli döwrüň dowamynda geçilen sapaklar biziň sowatlylygymyzy has-da ösdürmäge, bilimlerimizi artdyryp, zähmet orunlarymyzda has netijeli zähmet çekmäge itergi berdi.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň şa gadamy bilen açylyp berlen Akademiýanyň täze binalar toplumynda döredilen mümkinçilikler we şertler ählitaraplaýyn kämil hünärmenleri ýetişdirmegiň döwrebap we ýokary nusgasyny görkezýär.
Bu ýerde alan bilimlerimizi geljekde iş orunlarymyzda ýerlikli peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň parasatly eserlerinden ruhlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ýörelgelerinden ugur alyp has netijeli we tutanýerli zähmet çekmäge çemeleşeris.
Halkara derejesinde parahatçylygy we ynanyşmak ýörelgesini rowaçlandyrýan, ylym-bilime daýanýan döwrebap ösüşleri dabaralandyrýan hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys!
Ogulgerek ABDYLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi,
Mary welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary.