Söz mülküniň hökmürowany, şygryýet äleminiň ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar belleýşi ýaly, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap amala aşyran beýik işleriniň netijesinde, bagtyýar türkmen halkymyzy röwşen geljege sary alyp gitmek üçin yzygiderli tagallalar edendigini biz her ädimde duýduk. Bu gün bolsa, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn özgertmelerinden ybarat bolan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de bu iri möçberli özgertmelerde öz hakyky beýanyny tapandygynyň aýdyň şaýady bolýarys.
Il arasynda «Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr» diýen ajaýyp aýtgy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursaty taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. Her bir günüň toýa, her bir pursatyň ýakymly wakalara utgaşýan zamanynda ýaşamagyň lezzeti barada söz açanymyzda, eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň ajaýyp goýnuna dolýarsyň.
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny geljek 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Şu ajaýyp pursatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň ajaýyp setirleri seriňe dolýar.
«Jan Watanym» diýýän geregiň ýaly,
Ummany aýlaýan küregiň ýaly,
Dünýä mährem bakýan Ýüregiň ýaly,
Ýylyň ady döwre şandyr,
Arkadag!
Alkyş Size,
Arkadagly Serdarym!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygar astynda beýik işlere, belent ruha beslenen bereketli 2024-nji ýylymyz hem tamamlanyp barýar. Ýene sanlyja günlerden Täze ýylymyzy uly joşgun bilen garşylarys. Goý, Täze 2025-nji ýylymyz ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin abadançylygyň, üstünlikleriň, ähli ugurlarda uly rowaçlyklaryň ýyly bolsun!
Goý ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.