KÜRDÜŞ BABA BARADA ROWAÝAT

     Kürdüş ata Muhammet pygamberiň döwründe ýaşap geçipdir diýilýär. Bir gün Muhammet pygamber öz sahabalaryny ýanyna çagyryp, olara ýüzlenip şeýle diýýär «Kim Türkistana gidip ylym berip geljek» diýip soranda, Ysmamyt atly bir ýaş ýigit «Men gidip ylym berip gelerin» diýipdir. Şonda Gördüş ata atly ýaşuly adam «Men hem gideýin. Bu oglan entek ýaş. Bilmeýän zatlaryny aýdyp kömek edeýin hem ýanyna ýoldaş bolaýyn» diýipdir. Şunlukda bular ýola düşýärler. Emma Türkistana ýetmänkä Gördüş ata ýarawsyzlyk tapan. Ol soňky deminde «Wah men saňa ýoldaş bolup, bilmedigiňe kömek etjekdim. Ýöne men indi çöl ýerde ýeke galmaly boldum» diýip, gynanypdyr. Şonda ýaş ýigit Ysmamyt «Atam gynanma. Men seniň üstüňi bazar ýaly ederin. Bu ýeri gelim-gidimli bor» diýip, Alladan dileg edip, elindäki hasasyny ýere sünjen badyna ol ýerden keramatly çeşme çykýar. Şol çeşmäniň suwy we palçygy adamlaryň hem-de haýwanlaryň derdine em bolupdyr. Bu keramatly çeşmäniň suwunyň gudratyny haçan-da şol wagtlar golaýrakda ýaşalýan obalaryň birinde bir adamyň endamyna erbet ýara çykanmyşyn. Bu obanyň adamlary özlerine ýara ýokmaklaryndan heder edip, ol adamy obadan çykaryp kowýarlar. Bu bende suwsuzlykdan ýöräp ýörşüne ol çeşmäni görüpdir. Gelip bu çeşmeden ine-gana suw içip, soňra bolsa el-ýüzüni ýuwupdyr. Biraz wagtdan soň ol özünde bir üýtgeşikligiň bolýandygyny, endamynyň ýaralarynyň agyrysynyň azalýanyny duýýar. Şeýlelik bilen bu adam şol ýerde galyp, her gün yzygiderli ýuwunmaga durýar. Birnäçe wagt geçensoň bu adamyň endamyndaky ýaradan nam-nyşan galmandyr. Bu adam şonda näçe em edende-de endamyndan aýrylmadyk ýara bu çeşmäniň suwunyň em bolandygyna geň galyp, çeşmäniň suwunyň gudratlydygyny bilýär. Haçan-da ol öz obasyna gaýdyp gelende obanyň adamlary gaty geň galyp, gözlerine ynanmandyrlar we bu adamdan jikme-jik sorapdyrlar. Bu bolsa ähli zatlary bolşy ýaly edip aýdyp beren. Şol günden başlap adamlar ýaramadyk wagtlary hat-da öý haýwanlarynyň endamyna ýara çykanda şol çeşmäniň suwundan we palçygyndan peýdalanyp, şypa tapanlar. Häzirem ol ýerde şol çeşme akyp, onuň suwy we palçygy häli bu güne çenli öz güýjüni saklap gelýär. Bu ýeri iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülip, adamlar zyýarat etmäge we şypa üçin barýarlar.

 

Gülnur REJEPOWA,

“Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet

goraghanasynyň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1809 okalan

ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

29 Ýanwar 2025 | 1106 okalan

DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR ROWAÇLANÝAR