Günleriň günlerden zyýada bolmagy türkmen halky üçin adaty durmuş ýagdaýyna öwrüldi. Her günki dogýan nurana Gün türkmen halkyna ruhubelentlik eçilýär. Bedew batly ösüşli ýurtda ýaşaýan türkmen halky her bir gününi altyn harplar bilen taryha ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylyň her bir güni bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirdi. Tamamlanan ýylymyzda ýurdumyzyň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bütin halkymyz 2025-nji ýyly agzybirlikde we jebislikde garşylady. Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze ýyl, nesip bolsa, uly üstünlikleri, rowaçly menzilleri arkaly eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýylyň şygaryna mahsus bolan nyşan hem tassyklanyldy. Berkarar döwletde ýyllar ýyllardan zyýada gelýändigini görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» şygary astynda geçen hem-de halkymyzyň ykbaly üçin göwün göteriji täzeliklere baý bolan ýylyň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirmek bolýar. 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak baradaky başlangyç bolsa ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini beýan edýän özboluşly çagyryşdyr. Hakykatdan hem, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetýär. Ýurdumyzda 2025-nji ýyl üçin şeýle şygaryň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. Çünki hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde bu günki gün Türkmenistan döwletimiz dünýä nusgalyk işleri bilen üstünliklere we rowaçlyklara beslenýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» sarpasy belent Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyzyň ösüşli menzillerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.