Ata-babalarymyzyň suwy mukaddes saýmaklary, ony berekediň sakasy hasaplamaklary ýöne ýerden däldir. Soňky ýyllarda suwy aýawly saklamak, ony tygşytly peýdalanmak tutuş dünýä boýunça giň möçberli meseleleriň birine öwrüldi. Munuň şeýledigini, ýer togalagy boýunça suwuň paýlanyşyna, onuň sarp edilişine, şeýle hem suwy gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän ekologik meselelere nazar aýlanyňda, has aýdyň göz ýetirmek mümkin.
Zeminiň suw baýlyklarynyň 98 göteriminden gowragyny ummanlaryň, deňizleriň we beýleki suw aýtymlarynyň duzly suwlary eýeleýär. Ýer ýüzündäki süýji suwlaryň umumy möçberi gidrosferanyň umumy göwrüminiň iki essesine barabar hasaplanylýar. Süýji suwlaryň esasy bölegi buzluklarda jemlenendir. Ýer togalagynda suw baýlyklarynyň peýdalanylyşy ilatyň köpelmegi bilen barha artýar. Ýer ýüzündäki ähli peýdalanylýan suwlaryň 60 göterimi oba hojalygynda ulanylýar. Bu görkeziji gurak, yssy ýurtlarda 90 göterime ýetýär. Şonuň üçin oba hojalygynda peýdalanylýan suwlary tygşytly ulanmak iň esasy meseledir. Demirgazyk Afrikada, Arabystan ýarym adasynda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ilaty suw bilen üpjün etmek üçin şu çäreleriň durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär: Ýewropadan ortaýer deňziniň üsti bilen, tankerler arkaly süýji derýa suwlaryny getirmek, deňiz suwlaryny dürli usullar arkaly süýjedip peýdalanmak, Antarktidanyň we Grenlandiýanyň kenarlaryndaky aýsbergleri (suwuň ýüzünde gaýyp ýören dag ýaly buz bölekleri) gämileriň kömegi bilen, Afrikanyň we Arabystan ýarym adasynyň kenarlaryna getirmek we başgalar.
Dünýä ýurtlarynda geljekde ilatyň suw üpjünçiliginiň kadaly bolmagy üçin tebigy suw baýlyklaryny örän tygşytly peýdalanmagyň öňdebaryjy usullary işlenilip taýýarlanylýar. Suwy gaýtadan peýdalanmak we suw baýlyklaryny netijeli ulanmagy ýola goýmak maksady bilen geçirilýän işleriň möçberi barha artýar. Bu çäreleriň ählisi bilen bir hatarda, suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, olary hapalanmakdan gorap saklamak adamzadyň baş wezipesine öwrüldi. Sebäbi suw gurşawynyň hapalanmagy diňe bir ösümlikler we haýwanlar üçin howply bolman, eýsem suw howdanlary, bentleri we beýleki suw gurluşyk desgalary üçin hem howplydyr. Zäherlenen suw demir betony weýran edýär, demir karkaslaryny çüýredýär, olary hatardan çykarýar, gurlan gidrodesgalara uly zyýan ýetirýär. Hapalanan we şor suwlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsine (biosfera) ýetirýän zyýany bimöçber uludyr. Syryntgy (akyndy) hapalaryny suwlaryň düzüminden aýyrmak, olary zyýansyzlandyrmak önümçilik işleriniň kyn bolan meseleleriniň biridir. Bu iş önümçiliginde dürli mehaniki, fiziki-himiki we biologik usullar ulanylýar. Islendik bir zady gorap saklamakda, ol ýa-da beýleki sebäpler boýunça tebigatyň islendik bir agzasyna ýetirilýän zyýanyň öňüni almak zerurdyr. Häzirki wagtda dünýä boýunça suw meselesi ählumumy meseleleriň hataryna goşuldy.
Aýnabat GURBANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni,
TMÝG-niň işjeň agzasy.