Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlary, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gysga döwürde amala aşyrylan asyrlara barabar işleriň hatarynda sportuň beýik ösüşleri, maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi we giňişleýin wagyz edilmegi dünýä nusgalykdyr. Sagdyn durmuşyň, bagtyýarlygyň binýady bolan sportuň welosipedli görnüşleri hem, ýurdumyzda uly meşhurlyga eýedir.
Dünýäde durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde sporty ösdürmäge uly üns berilýär. «Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Kararnamany dörediji hökmünde 56 döwletiň çykyş etmegi döwletimiziň sport syýasatynyň dünýäde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär. Oňa laýyklykda, 3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan edildi. Munuň özi, bu ugurda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.
«Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä medeniýetini kemala getirmekde welosipediň mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga, bu ugurdaky tagallalary berkitmäge we olary işjeň utgaşdyrmaga ýardam eder. Sebäbi welosiped ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Ol diňe bir hereket üçin däl, eýsem, paýhasa, saglygy goraýşa we sporta bolan elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, welosiped ekologiýa taýdan arassa ulagyň nyşanydyr. BMG-niň Baş Assambleýasyna agza döwletleriň hemmesinde her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi geçirmek we şol güni dabaralandyrmak hem-de ol hakyndaky maglumatlary ýaýratmak işlerini geçirmäge, agza döwletleri ösüşiň dürli ugurlarynda, halkara, sebit, milli we içerki syýasatda, ösüş boýunça maksatnamalarda welosiped temasyny goşmak arkaly oňa aýratyn üns bermäge çagyrýar. Jemgyýetiň ähli agzalarynyň hatarynda welosipediň peýdasyny wagyz etmek üçin öňdebaryjy tejribäni we serişdeleri ulanmagy, beden we ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramagy oňlaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň welosipedli ýörişlerde hut özüniň şahsy görelde görkezmegi beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlygyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bütindünýä saglyk gününde hormatly Prezidentimiz sport welosipedine münüp, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşýar. Welosipedli ýöriş dürli görnüşdäki durmuş, sport we ekologiýa ýörelgelerine goldaw bermek maksady bilen geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäredir. Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak asylly däbe öwrülip, ol ýaşlary hem özünde jemleýär.
Welosiped sportunda ajaýyp görelde görkezýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy has-da ýokarlanýar. Ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologiýa goraglylygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Bu çäreleriň giň gerimde geçirilmegi, aýratyn hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gadymy Amuldan badalga berlen ylgaw we welosiped ýaryşlarynyň üstünlikli dowam etmegi ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny artdyrýar. Il-günümize şatlykly joşgun paýlaýan bu wakalar ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Nurana GÜRJIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.