OBA HOJALYK PUDAGYNYŇ ÖSÜŞLI MENZILLERI

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek we häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrýar.

Maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeleriň netijesinde owal çig mal öndürmäge ýöriteleşdirilen pudak taýýar önüm öndürýän obasenagat toplumyna öwrüldi. Berkarar döwletimizde döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak arkaly oba hojalyk ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwrülýär.

Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Obasenagat toplumynda ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürilmegi ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlaryň, dünýäniň iň gowy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy esasynda guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy maksady Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybaratdyr. Täze senagat ugurlarynyň ýola goýulmagy, azyk önümçilik kärhanalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdarynyň azaldylmagy, ýerli önümçiliklere we kiçi telekeçilige goldaw berilmegi, bazar bolçulygynyň döredilmegi döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleridir.

Pudakda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň we tejribesiniň, şeýle hem täze guramaçylyk-hukuk usullarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýazmuhammet PIRKULYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar