Halkymyzyň aýdym-saza teşneligi, oňa sylag-hormatynyň belentligi bu sungatda at galdyran ussatlaryň kemala gelmegine sebäp bolan bolsa gerek. Bir gezek çalnyşyny synlap, yz ýany şol saz guralda saz çalmagy başaran Nobat bagşy, bir gije-gündizläp aýdym aýtsa-da, bir aýdymy ikinji gezek gaýtalamadyk Çuwal bagşy, agasyny sazy bilen halas eden Şükür bagşy — bular henizlerem dünýä ýüzünde ady rowaýata, eserlere, aýtgylara öwrülip ýaşap ýören ussatlar. Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Şeýle ussatlaryň hatarynda heniz üç ýaşyny hem doldurmanka köpçüligiň öňünde «Ýarap borka» aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Gulbaba bagşy — Möwlamberdi Hanowyň adyny hem buýsanç bilen agzamak bolar.
Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Heniz mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, emedekläp ýörkä, haýsy tarapdan dutar-gyjagyň sesi eşidilse, şol tarapa gidibermegi onuň kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna getirýär. Şeýlelikde, çagalykdan ussatlygyň bosagasyndan ätlän Gulbabajygyň sungat ýoly başlanýar.
Ol 8 ýaşynda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlügine gatnaşyp, «Öz ilimiň bagşysy men», «Begler», «Bellidir» aýdymlaryny ýerine ýetirip, diňleýjileriň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Soňra Moskwadaky halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär, oba çeper höwesjeňleriniň döwlet gözden geçirilişinde ýokary bahalara mynasyp bolýar.
Gulbaba bagşy diňe bir aýdym-saz äleminde däl, eýsem, türkmen kino sungatynda hem öz ussatlygyny görkezmegi başardy. Munuň şeýle bolmagyna Mary şäherindäki 2-nji rus mekdebinde okap ýörkä, «Jadyly dür» çeper filmi bilen halkyň aňyna ornan kinorežissýor Meret Atahanow bilen duşuşmagy sebäp bolýar. Ol körpe zehini «Daşgaladaky waka» çeper filminde surata düşmäge çagyrýar. Şeýlelikde, Möwlamberdi Hanow türkmen kino sungatynda halkyň aňynda galan keşpleriň birini janlandyrýar.
Halk arasynda guýrukly ýyldyzyň astynda dünýä inen çaganyň öte zehinli bolýandygy hakynda gürrüňler bar. Bu barada «Gülpam» dessanynda hem birnäçe ýola aýdylýar, şol ýyldyzyň astynda doglan dört çaganyň ykbaly yzarlanýar. Aýdyşlaryna görä, Gulbaba bagşy hem guýrukly ýyldyzyň astynda doglan bolmaly. Bu halk arasynda ýaýran gürrüň, onuň haýsy ýyldyzyň astynda dünýä inendigini subut edýän başga çeşmäniň ýoklugyna garamazdan, bir ýagdaý welin hakykat: Gulbaba türkmen aýdym-saz sungatynda çagalykdan özüni ykrar etdiren ussat. Munuň şeýledigini ol heniz 8 ýaşyny hem doldurmanka beýik halypa, ägirt zehiniň eýesi Sahy Jepbarowyň we sazanda Çary Täçmämmedowyň talapkär synagyndan üstünlikli geçmegi hem şaýatlyk edýär.
turkmengazet.com