"TEGELEK STOLUŇ" BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Döwlet adam üçindir!” atly şygar bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaplary barada giňişleýin söhbet edildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” gadam basmazymyzyň öňüsyrasynda alym Arkadagymyzyň türkmen halkynyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan, ylmy garaýyşlar beýan edilen “Hakyda göwheri” atly eseriniň, onuň yzysüre bolsa, hormatly Prezidentimiziň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda orun alan Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligi, onuň edebi mirasynyň öwrenilişi dogrusynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýän “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz, giň okyjylar köpçüligi, hususan-da, ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgat boldy.

Çykyş edenler bu kitaplaryň döwrümize mynasyp watansöýüji, ynsanperwer, ilhalar, edep-terbiýeli ýaşlary ýetişdirmekde, biz jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri üçin hem uly gollanma bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Serdar GURBANMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar