GYMMATBAHA GOLLANMA – ESERLERIŇ MERJENI

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasy,

Birleşdirýän köprüdir geçmiş bilen geljegi.

Dana şahyr barada ýazan täze kitaby,

Gymmatbaha gollanma – eserleriň merjeni.

 

Akyldaryň sarpasy galdy has-da belende,

Bu eserde jemlenen paýhas dürlerniň bary.

Synlap ajaýyp döwri, galdy bu gün tirsegne,

Dünýäniň akyldary – Magtymguly Pyragy.

Halkymyzda täze ýyly, täze güni garşylamagyň asyrlary aşyp gelýän özboluşly däbi bar. Täze ýylyň ilkinji pursadyndaky hereketlerimiz tutuş ýylyň berekedine ýorulýar, ilkinji gutlan, ilkinji gabatlaşan adamlarymyz, ilkinji ýazan, ilkinji okan zatlarymyz näçe gowy bolsa, ýyl şonça-da gowy bolar diýilýär. Biz täze 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bütin adamzada sowgat eden «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň ilkinji sahypalaryny açyp okamak bilen başladyk. Şunuň özi-de bu ýylymyzyň rysgal-berekediniň, rowaçlygynyň goşa-goşadan geljekdiginiň alamatydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseri pähimler ummanydyr, adamlary haýyrly işlere çagyrýan, okyjylaryň kalbynda iň ýagşy duýgulary, adamkärçilik sypatlaryny kemala getirýän gymmatly hazynadyr, biz – ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Sebäbi, ýyllaryň, heňňamlaryň wakalary taryhyň gatlaryna siňýän bolsa, taryhyň gatlary hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň mazmunyna siňipdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bir-birinden özboluşly mazmuna ýugrulan bölümleriň kerweninden kemal tapan täze kitabynyň “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” diýip atlandyrylan bölüminde “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, 2024-nji ýylda ýurdumyzda ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilen maslahatlara hormatly Prezidentimiziň ugradan gutlaglarynyň ýerleşdirilmegi, Türkmenistanly we daşary ýurtly raýatlary “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň ýerleşdirilmegi kitabyň gymmatyny has-da ýokarlandyrýar. Şeýle hem bu bölümde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşandygy üçin medallar we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanan raýatlaryň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileriniň atlarynyň hem ýerleşdirilmegi aýratyn mana eýedir. Munuň özi, asly halal ýurdumyzda päk zähmetiň gadrynyň ýokary derejede görülýändigini, döwletimiziň yhlasly zähmet çekýän raýatlary hemişe goldaýandygyny ýene bir ýola äşgär edýär. Şeýle özboluşly many-mazmuna ýugrulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby dünýäniň giň okyjylar köpçüligi üçin, aýratynam biz ýaş nesiller üçin gymmatly gollanmadyr, ata Watanymyzy söýmegiň, oňa päk ýürekden hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebidir.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýän hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem bu kitapda ýerleşdirilmegi dana şahyryň asyrlaryň synagyndan geçip gelen gymmatly mirasynyň döwlet tarapyndan goralýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu Kanunda ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmekde we ösdürmekde, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna çuňňur hormat goýmak we watançylyk ruhunda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas hazynasyndan peýdalanmak; dünýä medeniýetiniň ösmegine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dünýä ýaýmak; ýaly ugurlar takyk kesgitlenýär. Munuň özi şahyryň arassa parasadynyň, dury paýhasynyň üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şugla saçyp durandygynyň alamatydyr. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda şeýle beýan edilýär: “Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr. Nusgawy şahyryň şygryýet dünýäsine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, Ýer ýüzüniň beýleki milletleri hem uly hormat goýýar”. Bu dürdäne jümleler dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk taglymatyny öňe sürmekde özüniň ajaýyp eserleri bilen saldamly goşant goşan akyldar şahyryň sarpasyny has-da belende galdyrdy. Bu ajaýyp kitap kämilligiň, tämizligiň beýik mekdebi, hakykatyň buşlukçysydyr. Täze taryhy zamanada ýaşaýşyň manysyna düşünmäge hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlemäge esasy çelgidir.

Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmekde beýik işleri amala aşyrýan, şol beýik işlerem özünde jemleýän şeýle ajaýyp kitaplary halkymyza, dünýäniň giň okyjylar köpçüligine peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Ýurdumyzyň geljegini biz ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan döwletli tutumlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar