«MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY»

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýtdylar hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň ýazan “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynda beýik söz ussadynyň edebi mirasy, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandy, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreler giňden beýan edilýär. Şeýle hem bu kitapda ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. Täze kitapda beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna üns çekilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir”. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde – türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilen täze kitaby Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijiler, wagyz edijiler hem-de dünýä dillerini hünär hökmünde öwrenýän dilçi ýaşlar üçin gymmatly gollanma öwrüler. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýip belleýär. Munuň özi häzirki döwürde Magtymgulynyň eserleriniň Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýandygyny, şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmän gelendigini äşgär edýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň eserlerini düýpli öwrenmäge we ony dünýäde giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubynyň

we institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar