“ÝAŞ ZEHIN” TELEGEPLEŞIGINIŇ TÄZE SANY ÝAZGY EDILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil terbiýe, döwrebap bilim almagy, zehinleriniň, ukyp-başarnyklarynyň açylmagy üçin döwlet derejesinde uly mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenilip geçilýän “Watan goragçylarynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda yzygiderli ýaýlyma berilýän “Ýaş zehin” atly aýdym-sazly telegepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

Gepleşige Türkmenistanyň Goranmak ministirliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň zehinli okuwçylary gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar eziz Watanymyzy, bagtyýar zamanamyzy, ýetilen belent sepgitleri wasp edýän aýdymdyr sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Aýnabat ATAÝEWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar