Islendik halkyň ösüşiniň özeninde, şol halkyň agzybirligi, dost-doganlyk taglymaty we parahatçylykly syýasaty durandyr. Bu mukaddes düşünjeler diňe bir şu günki jemgyýetleriň ösüşi üçin däl, eýsem, geçmişiň müňýyllyklaryny aňladýan, dürli halklaryň medeni mirasynyň, gatnaşyklarynyň we medeniýetiniň binýady bolup durýar. Ata-babalarymyz agzybirligiň gymmatyny her zaman wagyz edipdirler. “Ojagyňda agzybirlik bolsun!” diýen pendiniň manysy diňe bir maşgalanyň bagtyýarlygyny däl, eýsem, tutuş halkyň parahatçylygyny hem aňladýar. Ýöne, bu düşünje diňe bir durmuşyň ähli ugurlarynda däl, eýsem, halkyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny we syýasy ýörelgelerini gurşap alýar. Bu düşünje we onuň berkarar bolmagy halklaryň bir-birine bolan ynamyny, döwletiň durnuklylygyny üpjün edýär.
Agzybirlik islendik jemgyýetde täze başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýatdyr. Ykdysady ösüşden başlap, medeni mirasyň goralmagyna çenli her bir ulgamda agzybirligiň, dost-doganlygyň bolmagy zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetiň agzybirligini gazanmak üçin berk binýat döredilýär. Halkyň jebisligi ýurduň ykdysady kuwwatynyň hem, medeni ösüşiniň hem esasy sütünleriniň biridir.
Özeninde türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, bir-birege hormat goýmak, dost-doganlyk ýaly ýörelgeleri jemlenen syýasatymyz bu gün dünýäde uludan dabaralanýar. Munuň şeýledigine 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu günki gün ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny doly berjaý edýän döwlet hökmünde aýratyn uly abraýa eýedir.
Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriň esasynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ornuny beýgeldýän, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri, tutumly maksatlary uly üstünliklere beslensin!
Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.