Şeker almasy (teňňeli annuna).
Bu miweler Amerikanyň tropiki etraplarynda bitýän miweleriň urugyna degişli edilýär. Häzirki wagtda bu miweleri Päkistanda, Hindistanda we Filippin adalarynda ösdürip ýetişdirýärler. Daşky keşbi boýunça sosna şişkalaryny ýadyňa salýar, olaryň diametri 10 sm. töweregidir. Miwesiniň içinde saklanýan ak reňkli miwesi we köp bolmadyk şänijikleri gaýnan kremi ýadyňa salýar.
Amerikan mammeýasy (amerikan erigi).
Bu ösümligiň Watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Bu ösümlik ýylyň islendik paslynda hem ýaşyl öwsüp oturýandyr. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynda bu ösümligi medeni ösümlik hökmünde ösdürip ýetişdirýärler. Meselem: Günbatar Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny aýtmak bolýar. Amerikan erigi diýlip atlandyrylýan bu ösümligiň miwesiniň diametri 20 sm. töweregi bolýar. Bu miwäniň daşky gabygy örän galyň bolup, içinde ýumşak gyzgylt sary reňkde etlek bölegi bolýar. Adatça bu miwäniň içinde bir sany uly göwrümli şänigi bolýar. Eger-de miwe uly bolan ýagdaýynda şäniginiň sany 4-e çenli ýetip bilýär. Miwäniň etlek içki bölegi örän süýji tagamlylygy hem-de ajaýyp ýakymly ysynyň bolmaklygy bilen tapawutlanýar.
Jabotikabo.
Başgaça bu miweli agaç Braziliýa üzümi diýlip hem atlandyrylýar. Esasan Braziliýanyň günorta-gündogar çäklerinde köp bitýän miweli agaç hasaplanylýar. Bu ösümlik esasan hem, onuň miweleriniň ýerleşişi bilen düýpli tapawutlanýar. Ilki ösümligiň iň iri şahalarynda agymtyl sary reňkde güller emele gelýär, soňra bu güller ululygy 3-4 sm. diametre barabar bolan miweleri emele getirýär. Miweler bişenden soňra goýy gülgüne, benewşe reňkleri emele getirýärler. Miwäniň tagamy örän süýji bolýar. Miwede adatça 1-4 sany tohum saklanýar. Miweler iýmit hökmünde hem peýdalanylýar. Köplenç ýagdaýda bu miwelerden çakyr öndürmekde giňden peýdalanýarlar.
Rambutan.
Bu täsin görnüşe eýe bolan miwe göräýmäge tüýjümek görnüşindäki ýertudanany ýadyňa salýar. Bu ösümligiň Watany Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. Emma häzirki wagtda beýleki ýurtlarda hem köp duş gelmek bolýar. Miwesiniň diametri 3-6 sm. aralyga çenli bolup bilýär. Miwesi örän gaty bolup, daşky gatlagyndan aňsatlyk bilen aýrylýar. Rambutan ösümliginiň miwesi turşumtyk-süýji tagama eýedir.
Noni.
Moringa, hindi tudanasy atlary bilen belli bolan bu miwäniň Watany Günorta-Gündogar Aziýa we Awstraliýa hasaplanylýar. Beýleki tropiki ýurtlarda hem, bu ösümlige duş gelinýär. Bu täsin miweli agaç ýylyň ähli paslynda hem miwe berýär. Haçanda miweleri bişende örän ýiti ysy bolýar. Ýiti ysynyň barlygyna seretmezden, bu miwe witaminlere, beloklara, demire we kalsiýe baýdyr, şeýle hem, onda köp mukdarda kletçatka saklanýar. Bu miweler Ýuwaş ummana ýakyn ýerlerde ýerleşen döwletlerde esasy iýmit hökmünde peýdalanylýar. Bu miwe bişirilmedik ýagdaýynda dürli tagamlary taýýarlap, şeýle hem, duza ýatyrylyp iýilýär.
Moroşka.
Moroşka esasan Demirgazyk Amerikanyň Günbatar kenar ýakalarynda bitýär. Bu ýerleriň çygly tokaýlarynda gür şahalary emele getirip ösýärler. Daşky keşbi boýunça malinany ýadyňa salýar, emma bu miwe ondan reňki boýunça düýpli tapawutlanýar. Bu ösümligiň miwesi örän süýji tagama eýe bolup, ter görnüşinde iýilýär hem-de ondan dürli tagamlar taýýarlanylýar. Ondan şire, mürepbe, süýjülikler, çakyr taýýarlaýarlar.
Salaka (ýylan miwesi).
Ýylan miwesi ady bilen belli bolan bu ösümlik esasan Indoneziýada bitýän ösümlikleriň urugyna degişli edilýär. Salkym miweleri emele getirip ösýän bu täsin ösümlik, teňňeler bilen örtülen ýylanyň derisine çalymdaş bolan, aňsatlyk bilen aýrylýan daşky gabynyň barlygy bilen bu ada mynasyp bolupdyr. Miwäniň içinde adatça üç bölege bölünen ýumşak etlek miwesi bolýar. Her böleginde bolsa, gara reňkde tohumlary bolýar. Miwäniň turşumtyk-süýji tagamy bolup, iýeniňde tagamy boýunça almany ýadyňa salýar.
Şahly gawun.
Bu ösümlik başgaça Afrikan hyýary diýlip hem atlandyrylýar. Esasy Watany Afrika ýurtlary hasaplanylýar. Häzirki wagtda bolsa, Awstraliýada, Täze Zelandiýada, Çili döwletinde hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bişenden soňra miwäniň daşky gabygynda ahyry kütek bolup gutarýan tikenleri emele gelýär, içinde bolsa žele çalymdaş bolan açyk ýaşyl reňke eýe bolan etlek bölegi bolýar. Tagamy bananyň tagamyna çalymdaş bolup, köp mukdarda witamin C saklanýar.
Pitaýýa.
Pitaýýa ýa-da kaktus miwesi diýlip atlandyrylýan bu ösümlige tutuş Aziýanyň, Awstraliýanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň çäklerinde duş gelinýär. Ilkinji Watany Meksika hasaplanylýar. Bu ösümlik 2 görnüşi bilen tapawutlanýar. Turşumtyk tagama eýe bolan görnüşi esasan hem, Amerikada bitýär we bu ýurtlarda iýmit hökmünde peýdalanylýar. Süýji tagama eýe bolan görnüşine Aziýanyň çäklerinde duşmak bolýar. Miweler reňki boýunça hem tapawutlanýar. Onuň gyzyl, sary, gülgüne reňkleri bolýar.
Jadyly miwe.
Başgaça gudratly miwe, süýji miwe diýlip atlandyrylýan bu ösümlik esasan Günbatar Afrikanyň çäklerinde ösýär. Daşky keşbi boýunça täsin keşbe eýe bolmasa-da, bu ösümlik örän täsin ösümlikleriň hataryna girýär. Miwesiniň düzüminde köp mukdarda mirakulin şekeriniň ornuny tutujyny we glikoproteini saklaýar. Aslynda miwäniň gaty süýji tagamy ýokdur. Emma miwäni iýen adama bir sagat wagt çemesi geçeninden soňra, ähli iýýän zatlar süýji tagamly bolup duýulýar. Bu onuň miwesiniň düzüminde saklanýan glikoproteidiň dildäki ýerleşen tagam duýujy reseptorlar bilen birleşýänligi bilen düşündirilýär.
Taýýarlan: Sabyrgeldi BEGOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.