«ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI YGLAN EDILDI!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilýän «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.» diýen parasatly sözlerinden, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde ata Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilige, sungata bolan söýgüsini artdyrmakdan, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

 

I.Bäsleşigiň şertleri

Bäsleşige hödürlenilýän işlerde hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk taglymaty, hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna beren miweleri, agzybirligiň, watansöýüjiligiň we parahatçylygyň taryhy hem milli aýratynlyklary giňden açylyp görkezilmelidir.

Mekdep okuwçylary eserlerinde ýurdumyzyň parahatçylyk taglymatynyň ähmiýeti barada özüniň pikir-garaýyşlaryny çeper beýan etmelidirler. Şeýle-de hödürlenilýän makalalarda okuwçylaryň göz öňünde tutan meýilnamalarynyň many-mazmunynyň doly açylyp görkezilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Bäsleşige hödürlenilýän goşgularyň möçberi 3 bentden az bolmaly däldir.

Surat çekmek şerti boýunça bäsleşige mekdep okuwçylary parahatçylyk temasyny beýan edýän suratlary bilen gatnaşyp bilerler.

Makalalar ýazylanda kompýuterde «Times New Roman» şriftinde
16-lyk ölçegde bolup, onuň göwrümi iki sahypadan az bolmaly däl.

Bäsleşige hödürleniljek işleri hat üsti bilen ýa-da «Güneş» žurnalynyň gunesh_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugradyp bilerler.

 

II.Bäsleşige gerekli resminamalar

Bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary öz okaýan mekdebini, synpyny we ýaşaýan salgysyny, öý we öýjükli ykjam el telefonyny doly we dogry ýazyp görkezmelidir. Şeýle-de dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi, 3х4 ölçegdäki 2 sany surat bilen ugradyp bilerler.

«Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň wekillerinden eminler topary döredilýär. Eminler bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň ýazan goşgularynyň, makalalarynyň, çeken suratlarynyň many-mazmunyna laýyklykda bahalandyrarlar.

Bäsleşigiň jemi boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr. Bäsleşik 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň soňky on günliginde jemlener. Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa işjeň gatnaşyp tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň Hormat hatlary hem-de sowgatlary gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99;

«Güneş» žurnalynyň redaksiýasy: 38-61-70.

Meňzeş habarlar

22 Ýanwar 2025 | 1346 okalan

TÄSIN MIWELER