Ýakynda Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Gökdepe etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly duşuşyk «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo halkara sirk sungat festiwalynda gazanan üstünligine bagyşlandy.
Köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungat festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlary bilen hemmeleri haýrana goýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalan halkara sirk sungat festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpasynyň, bu pudagy ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Bu gezekki üstünlik bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende göterdi.
Ruhubelentlikde geçen duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň milli baýlygy we göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimize belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Akmyrat KADYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Gökdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.