TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Milli Ak Bugdaý Muzeýinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagynda gazanylýan üstünlikler şeýle-de dürli maksatly binalary we desgalary gurmakda ýetilýän sepgitler, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda, hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monakoda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçen Halkara sirk festiwalyndaky üstünlikli çykyşlary hakynda gyzykly gürrüňler edildi.

Geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar söhbetdeşligiň ahyrynda Ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Fewral 2025 | 61 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 69 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY

18 Fewral 2025 | 95 okalan

DÜZZÜM ÝARYŞY ÖKDELERI ÖŇE SAÝLADY