DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatyň etraplarynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen duşuşyklar giň gerime eýe bolýar. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda okuwçy ýaşlardyr bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk has-da täsirli boldy.

Duşuşykda gadam basylan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we ýylyň nyşanynyň many-mazmuny bilen bagly giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler şanly ýylymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjekdigi hakda aýratyn bellenip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçýän ýylyň häzirki şatlykly günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen Halkara sirk festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy dogrusynda-da buýsanç bilen durlup geçildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara abraýyny belende göteren, halkymyzy röwşen geljege ýetiren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Guwanç HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA