WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasy Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepdäki ýadygärlige — Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana heýkeline gül desselerini goýmak, watançy esgeri hatyralamak çäresinden başlandy. Gül goýuşlyk çäresinden soňra oňa gatnaşyjylar mekdepdäki muzeýe aýlanyp gördüler.

Medeniýet köşgüniň mejlisler jaýynda dowam eden baýramçylyk dabarasynda  çykyş edenler ýurdumyzyň merdana gerçeklerini şanly sene mynasybetli gutlamak bilen, Watan goragynyň mukaddesdigi, çäksiz bagt we borçdugy hakynda aýtdylar hem-de hormatly Prezidentimiziň esgerlerdir serkerdelere, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna bildirýän uly ynamy barada söz açdylar, şeýle-de Watan goragçylaryna oňat arzuwlaryny beýan etdiler.

Dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp gitdi. Aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlarda Watan mukaddesligi, asuda durmuşymyzyň, merdana gerçeklerimiziň waspy öz beýanyny tapdy.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Gökdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK