Türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýär. Gyz-gelinlerimiziň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen, onuň kalbyna gözellik çaýýar.
Keşdeçilik sungaty gadymy döwürlerde hem gyzlaryň her biriniň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Olar ajaýyp el işlerini ümelere, güzer başyna, jorasyna görme-görşe baranda hem ýanlary bilen alyp gidipdirler. Gyzlar el işlerini öwrenmäge heniz çagaka başlapdyrlar.
Ene-mamalarymyz gyza eliniň işliligi, el hünäri boýunça baha beripdirler. Türkmen halk döredijiligindäki lälelerde, monjugatdylarda, öleňlerde, hüwdülerde, dessanlarda ýa-da ertekilerde gyzlaryň işeňňirligi, «elinden dür dökülýän» maşgaladygyny suratlandyranlarynda eli çeperligini delil getiripdirler. «Sag elinde synnysy, sol elinde gaýçysy» diýen nakyla öwrülen jümleleriň üsti bilen hem gyz-gelinleriň iş başarnygyny beýan edipdirler.
Keşdeçilik sungaty irginsiz zähmeti, ünslüligi talap edýär. Bu sungaty wagyz-nesihat etmekde Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem uly tagallalar edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Çeper elli zenanlar» atly gepleşiginiň ýazgy edilmeginiň özi hem bu inçe sungaty wagyz etmekden ybarat boldy. Gepleşigiň dowamynda etrabyň işewür zenanlary keşdeçilik sungatynyň birnäçe inçe syrlaryny giňişleýin gürrüň berdiler. Gepleşige gatnaşanlar türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni mirasyny sarpalap ýaş nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.