MAŞGALAM — BAŞ GALAM

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrapdaky 29-njy orta mekdepde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda «Maşgalam – baş galam» ady bilen millilik, maşgala mukaddesligi barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, maşgala durmuşymyzyň özeni bolup, onsuz jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Maşgalaňy söýmek, ony agzybir saklamak ýaşaýan döwletiňi, Watanyňy söýmekdir. Birek-birege düşünýän hojalyk bagtly hasap edilýär. Çagalar maşgalada uly bilen gepleşmegiň, myhman garşylamagyň, goňşy-golam, dogan-garyndaşlar bilen gatnaşyk etmegiň, mugallymy diňlemegiň, köpçülikde özüňi oňat alyp barmagyň ýollaryny öwrenýärler.

Duşuşykda maşgala gymmatlygy, maşgala mukaddesligi, edep-ekram, milli ýörelgelere eýermek bilen bagly ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Täsirlere beslenen duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda her bir maşgalanyň sagdyn, agzybir bolmagynda döwlet tarapyndan bimöçber aladalary edýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ybraýym ANNAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar