«IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ – 2025»

Golaýda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Oňa bäsleşigiň mekdebara tapgyrynda ýeňiji bolan mekdepleriň 2 – 4-nji synp okuwçy gyzjagazlary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň etrap tapgyryna işjeň gatnaşan we has tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşamaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Döwlet BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI