ŞANLY ÝYLA BAGYŞLANAN DABARA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu dabara etrabymyzyň ýaşlary has işjeň gatnaşdylar.

Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hem-de milli maksatnamalaryň netijesinde ýetilýän sepgitler, gazanylýan ösüşler barada aýdyldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek şanly ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçmeginiň ähmiýetine üns çekildi, şeýle-de ýylyň nyşanynyň many-mazmuny hakda durlup geçildi.

Täsirlere beslenen dabarany medeniýet öýüniň bagşydyr sazandalary aýdymdyr sazlary bilen bezediler. Joşgunly sungat çykyşlarynda beýik döwrümiziň waspynyň belentden ýetirilmegi dabara gatnaşyjylaryň göwnüni has-da galkyndyrdy. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar