Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň guramagynda etrapdaky takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdepde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, «Ýylyň şygary — üstünliklere badalga» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna mekdep okuwçylary we mugallymlar işjeň gatnaşdylar.
Duşuşykda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň rowaçlyklara beslenişi dogrusynda täsirli gürrüň edildi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunynyň ähmiýeti bilen bagly gürrüň çykyşlaryň düýp özenini düzdi.
Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyga gatnaşanlar berkarar Watanymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Şöhrat AKMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.