BÄSLEŞIK ZEHINLERI SAÝLADY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap tapgyry geçirildi. Etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda geçen bäsleşige etrabyň bilim ojaklarynyň 23-sinden zehinli çagalar gatnaşdy.

Kiçi ýaşly okuwçy gyzjagazlarda ene-mamalarymyzdan asyrlar aşyp gelýän milliliklerimize, halkymyzyň köpasyrlyk dessurlaryna, arkama-arka mynasyp dowam edip gelýän asylly däplerine bolan hormaty terbiýelemek, sungata höwesli çagalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de Milli bahar baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň täsirli boldy. Onda enaýyja gyzjagazlar degişli şertler esasyndaky çykyşlary bilen  zehin-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, etrabyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogulgerek Gurbanowa birinji, 23-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýlar Hudaýgulyýewa ikinji orny eýelediler
hem-de döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Akmyrat TOÝÇYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar