«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap Geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Tejen etrabyndaky Dikeldiş merkeziniň kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, şanly senelere, şol sanda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we bu ugurda ýaşlaryň işjeňligi barada täsirli gürrüň edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi we ýaşlar syýasatynyň rowaçlanyşy dogrusynda aýdylanlar uly gyzyklanma döretdi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň has-da rowaçlanmagyny  arzuw etdiler.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

Türlkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar