ENELERIŇ ARZUWY — DÜNÝÄ DURSUN PARAHAT!

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Eneleriň arzuwy — dünýä dursun parahat!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna welaýatymyzyň gelin-gyzlary  uly höwes we ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Dabaradaky gutlag çykyşlarda ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden dabaralandyrylmagynyň ähmiýeti, zenanlara goýulýan hormat-sarpa, zenanlaryň jemgyýetimizdäki orny barada täsirli gürrüň edilip, bu gün gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler hakda aýratyn durlup geçildi hem-de munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşlar aýdyldy.

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tanslarydyr degişme sahnalary dabaranyň şowhunynyň has-da artmagyna getirip, zenanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Dabaranyň ahyrynda öňdebaryjy zenanlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. 

 

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar