Ýaňy-ýakynda Boldumsaz etrabynyň 33-nji orta mekdebinde «Iň eýjejik gyzjagaz-2025» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň etrap Geňeşiniň, etrap bilim we medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige onuň mekdebara tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.
Eýjejik gyzjagazlar bäsleşigiň şertine laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, milli egin-eşikleri şahyrana sözleriň üsti bilen wasp etdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işlerini ýerine ýetirmek boýunça çykyş etdiler.
Ruhubelentlikde geçen bäsleşikde etrabyň 13-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Allaberdiýewa Aýşat 1-nji orna, 58-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Hydyrowa Agaýunus 2-nji orna mynasyp bolup, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere hem-de oňa işjeň gatnaşan eýjejik gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Laçyn AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.